Halkymyzda her bir nesle ýokary ruhy we ahlak başlangyjyny, halallygy, pespälligi, zähmetsöýerligi, enelere hormat goýmagy, zenanlara bolan gadyrly gatnaşygy özünde jemleýän maşgala gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garalýar. Türkmen jemgyýetinde mährem eneler taryhyň ähli döwürlerinde-de esasy orny eýeläpdirler. Eneler maşgala ojagynyň ýylysyny we jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, onuň ruhy-ynsanperwer ýörelgelerini gorap saklapdyrlar.
Tebigatyň ajaýyp keşbe giren çagynda — baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mähriban zenanlarymyzyň sarpasynyň belentde saklanýandygyny görkezýär. Hoşniýetliligiň, kalby päkligiň, wepalylygyň we gözelligiň ýokary nusgasyny özlerinde jemleýän türkmen zenanlaryna asyrlaryň dowamynda hormat-sarpa goýlupdyr, olaryň mertebeleri belent tutulypdyr. Zenanlar mährem ene bolmak bilen, özleriniň tebigaty boýunça parahatçylyk dörediji, maşgala ojagynyň daýanjy hasaplanýar. Olar maşgalada, jemgyýetde we ýurtda parahatçylygy, abadançylygy şertlendirýär.
Zenanlar dünýäniň siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna öwrülen milli medeni mirasyň ösüşine uly goşant goşýarlar. Zenanlar dessanlaryň we rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we şahyrana gazallaryň, joşgunly halk aýdymlarynyň ajaýyp gahrymanlarydyr. Gymmat bahaly metallardan we daşlardan hyjuw bilen, nepis şaý-sepleri döreden ussat zergärler hem özboluşly eserlerini hut zenanlara bagyşlapdyrlar. Zenanyň emele getiren ylhamy bilen ruhlanyp döredilen gymmatlyklary birin-birin sanap geçmegiň özi tutuş halkyň köp müňýyllyk taryhyna ser salmak bilen barabardyr. Hut zenanlar şol taryhy milli halyçylyk hem-de keşdeçilik sungaty arkaly aýdyň, täsirli görnüşde beýan etmegi başardylar we bu sungatyň ýörelgeleri milli döredijilik mekdebiniň özenini düzýär.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, zenanlarymyz «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak, olara döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermek eziz Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Döwletimizde köp çagaly eneleriň aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň şaýatnamasyna öwrülen bu hormatly at enelere goýulýan sarpanyň, öňden gelýän ilhalar ýörelgeleriň dowamydyr.
Hawa, bu gün zenanlaryň hormatyna söýginiň, nuranalygyň, näzikligiň, owadanlygyň we wepalylygyň ajaýyp nyşanyna öwrülen Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär.
Hemra ATAÝEW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.