Nakyllar çagalara öwüt-ündew, terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir, çünki olaryň edepli, tertipli, abraýly, ilhalar adam bolup ýetişmeginde ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak oňyn netije berýär. Çaga her bir hereketinde, özüniň geljekki durmuşynda ony sapak edinýär.
Çaga terbiýesinde zähmet terbiýesi aýratyn orun tutýar. Çagany kiçiliginden zähmete uýgunlaşdyrmak, olarda zähmet endiklerini kemala getirmek ata-eneleriň borçlarydyr. Munuň üçin «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Işlemedik — dişlemez», «Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň», «Jepasyny çeken, wepasyny görer», «Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz» ýaly nakyllaryň onlarçasy bar. Bu nakyllar çaganyň aňynda zähmete bolan söýgini oýarmakda, belli bir hünär saýlamakda, şol hünäre wepaly bolmakda peýda beripdir. Çünki her bir iş halal ýerine ýetirilende, onda-da zähmeti öz elleriň bilen ýerine ýetireniňde onuň höziri başga bolýar. «Halal zähmet — baky döwlet», «Halal işle, haýyr tap», «Haýyr işi jäht tut» diýen ýaly nakyllarda zähmet çekmegiň diňe halallyk ýoluny saýlap almalydygy, onuň rysgal-döwlet getirýändigi tassyklanýar.
Çaga terbiýesinde işeňňirlik, zähmetsöýerlik barada hem yzygider alada edilip, ýaltalyk, ýalançylyk ýazgarylypdyr. Işeňňirligiň üstünligi nygtalyp durlupdyr. «Ýatan öküze iým ýok», «Ýatan daşyň aşagyndan suw geçmez», «Ýalta ýal tapmaz, tapsa-da bol tapmaz» ýaly nakyllar mysal getirilipdir.
Ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine görä, başarsaň başgalara ýagşylyk etmeli, çünki ýagşylyk eden, hoşgylaw adam hiç haçan ýatdan çykmaýar. Ol hemişe alkyş alyp gezýär. Şonuň üçin biziň ata-babalarymyz: «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Ýagşy adamda ýagşy ýüz», «Ýagşylaryň söhbedinde işigem bir tördür», «Ýagşy söz baldan süýji», «Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen ýaly nakyllary döredipdirler.
Aýnur AHMEDOWA,
Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, TKA-nyň işjeň agzasy.