Siziň üçin...Slider

Rus dilini näme üçin öwrenmeli?!

05-11-2024 / 609

Rus dili GDA ýurtlarynyň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem, işjeňlik dili hem bolup durýar. Şonuň üçin hem ykdysatçylara, telekeçilere we talyplara rus dilini öwrenmek peýdalydyr hem wajypdyr.

Rus dili slawýan dilleriniň arasynda has giň ýaýran, geografiki nukdaýnazardan we gepleşýänleriň umumy sany boýunça dünýä dilleriniň ilkinji onlugynyň sanawyna girýär. Internetde ulanylýan dilleriň arasynda hem iň ýörgünlisi rus dilidir. Rus dili dünýädäki iň kyn dilleriň biridir. Şeýle-de bolsa rus dilini öwrenmek üçin sarp edilýän wagt adamdan adama üýtgeýär. Rus dilinde takmynan 350000 sözüň bardygyny we iň uly rus sözlüginde takmynan 200000 sözüň bardygy mälimdir.

Rus dilinde erkin gürlemek üçin bu sözleriň diňe 5%-ini öwrenmek ýeterlikdir. Dünýäde rus dilini ene dili hökmünde ulanýanlaryň sany 164 milliona deňdir. Bu dili ikinji dil hökmünde ulanýanlaryň sany bolsa 114 milliona barabardyr. Şeýlelikde, rus dilinde gepleşýänleriň sany 278 milliona barabardyr.

Rus dili Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili, Belarusuň iki döwlet diliniň biridir, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we käbir beýleki ýurtlaryň resmi dilleriniň hataryndadyr. Şeýle hem Ýewraziýada, Gündogar Ýewropada halkara aragatnaşygyň esasy dilidir, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň alty iş diliniň biridir.

2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, rus diliniň ýaýramak derejesi 8-nji orny eýeleýär. Bu ugurda iňlis dili (1,5 mlrd), mandarin hytaý dili (1,1 mlrd), hindi dili (602,2 mln), ispan dili (548,3 mln), fransuz dili (274,1 mln), arap dili (274 mln) we bengal dili (272,7 mln) öňdeligi eýeleýär. Şeýle hem «W3Techs» kompaniýasy tarapyndan geçirilen seljermeleriň netijesine görä, 2013-nji ýylyň mart aýynda internetde ulanylyşy boýunça rus dili ikinji orna çykdy. Internet ulgamynda rus dilini ulanyjylaryň sany 105 milliondan gowrakdyr. Şulary göz öňünde tutup, rus dilini öwrenmegiň ähmiýetiniň uludygyny nygtasymyz gelýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda hem rus dilini öwretmäge uly üns berilýär.

Altyn JÜMMIÝEWA,
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu