Günorta we Demirgazyk Amerikanyň çygly tokaýlarynda ýaşaýan greta Oto ýa-da başgaça aýdanymyzda «aýna kebelegi» (lat. Greta oto) – hakyky tebigat täsinligidir. Onuň ganatlary şeýle bir näzik hem-de dury welin, olara seredeniňde edil aýna ýaly aňyrsyny görmek bolýar.
Bu daşky keşp gizlenmegiň özboluşly usuly bolup durýar. Nimfalidler maşgalasyna degişli bolan greta Oto, beýleki kebeleklerden tapawutlylykda, has açyk, duýduryjy reňkler bilen reňklenmedikdir. Bu kebelek dolulygyna dury keşbe eýe bolmak bilen, özüniň howpsuzlygyny üpjün edipdir.
Adatça, kebelekleriň ganatlarynyň üstünde ýerleşen dürli reňkli teňňejikler olara reňk berýär. Greta Otoda bolsa teňňejikleri bolmaýar, emma onuň ganatlary ýagtylyga görä belli bir burç astynda görnende öz durulygyny ýitirýärler we sabyn köpürjikleri ýaly dürli älemgoşar reňklerini serpikdirip başlaýarlar. Aýna kebeleginiň göze görünmeginiň ýeke-täk sebäbi hem ganatlarynyň gyralarynyň melemtil-mämişi reňkde hem-de bedeniniň mele reňkde bolmagydyr.
Gülbahar HYDYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.