Siziň üçin...Slider

Köne Sarahs: taryhdan şu güne

04-11-2024 / 310

Köne Sarahs şäheriniň öwreniliş taryhyna nazar aýlasak, Zakaspiý oblastynyň naçalnigi A.Komarow ilkinji gezek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda ol ýerden ýerüsti tapyndylary ýygnapdyr. XX asyryň başlarynda akademik W.Bartold bu şähere degişli taryhy çeşmeleri öwrenipdir.

Köne şäherde ilkinji gezek gazuw-barlag işlerini 1953-nji ýylda alym A.Maruşenko geçirýär. Şeýlelikde, köne Sarahs şäheri alymlaryň, arheologlaryň üns merkezine öwrülipdir. 1953 — 1957-nji ýyllar aralygynda Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasynyň XIII topary G.Adykowyň ýolbaşçylygynda bu ýerde barlag işlerini alyp barýar. Şondan soň köne şäheriň merkezi galasynda we şähristanynda öňki TSSR Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň Ö.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky arheologik ekspedisiýasy gazuw-barlag işlerini geçirdi.

1991-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologik ekspedisiýasy köne Sarahs şäheriniň merkezi galasynda uly bolmadyk möçberde gazuw-barlag işlerini amala aşyrýar. 1995 — 2000-nji ýyllarda professor Barbara Kaimiň ýolbaşçylygyndaky türkmen-polýak ekspedisiýasy köne şäheriň şähristanynda gazuw-barlag işlerini geçirýär.

«Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan bu şäheriň erkgalasynyň gündogar derwezesinde 2023-nji ýylyň ýaz we güýz möwsüminde gazuw-barlag işleri geçirildi. Şol işleriň netijesinde, ozal ýüze çykarylan, orta asyrlarda bişen kerpiçden gurlan derweze diňiniň örüminiň dowamynyň 7 metr uzynlykda we 2,5 metr beýiklikde, 24x24x5 santimetr ölçegde dowam edýändigi anyklanyldy. Orta asyr binagärlik gurluşygynda galalary, metjit-medreseleri, kümmetleri, minaralary gurmakda, esasan, bişen kerpiç ulanylypdyr. 24x24x5 santimetr ölçegdäki bişen kerpiçler, adatça, XI — XIII asyrlaryň binagärligine mahsusdyr.

Derwezäniň beýleki tarapynda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde bolsa diwaryň dowamynyň 4 metr 80 santimetr uzynlykda çig kerpiç bilen örülip, ýene-de aşaklygyna örümleriň bişen kerpiçden dowam edýändigi ýüze çykaryldy.

Gazuw-barlag işleriniň netijesinde, bu ýerde mis teňňeler, ikbaşy, suw küýzesiniň agyz bölegi, keramikadan ýasalan gabyň bölekleri, degirmen daşy, küýze bişirilende ulanylýan taganjyk we başga-da birnäçe gymmatlyklar tapyldy. Olar orta asyr köne Sarahs şäherinde medeniýetiň, söwdanyň, külalçylyk sungatynyň ösendigine şaýatlyk edýär.

Maýagözel AHMETGULYÝEWA,
Gökdepe etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu