Siziň üçin...Slider

Şekillendiriş sungatynyň kökleri

05-11-2024 / 203

Türkmen şekillendiriş sungatynyň kökleri gadymy döwürlerden gaýdýar. Irki döwürlerde şekillendiriş sungaty keramika, möhürlere, bezeg esbaplaryna, bina bezeglerine geçirilipdir. Ol döwürlerde tebigy reňkler ulanylypdyr. Orta asyrlarda binalaryň bezeginde syrça, mozaika sungaty ýokary derejä ýetipdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda şekillendiriş sungaty has-da ösdi. 

Sungat adamzadyň döredijilik zähmetini şekillendirip bilmek ukybydyr: Suratkeşiň daş töweregini, ony gurşap alýan hakykatyň keşbini suratlandyranda şöhlelendirýän sungatdyr. Şekillendiriş sungaty dünýäniň, adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlik dünýäsiniň şekilini suratlandyrýar, jemgyýetiň we her bir adamyň durmuşyny, olaryň pikirini, arzuwlaryny we duýgularyny şöhlelendirýär.

Şekillendiriş sungaty sungatyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Ilkidurmuş adamsynyň çeper döredijiliginiň köpsanly ýadygärlikleri saklanyp galypdyr. Adamlar ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşy döwründen başlap gowaklaryň diwarlarynda, gaýalaryň ýüzünde öz ýaşaýyş durmuşyna degişli suratlaryň birnäçesini reňk bilen we daşy oýup çekip galdyrypdyrlar. Daşyň ýüzüne oýulyp çekilen şekillere petroglifler (grek petros – daş we glyphe oýmak sözlerinden) diýilýär. Ol suratlar şol döwrüň adamlarynyň daş-töwerekdäki dünýä hakyndaky garaýyşlaryny, tebigy hadysalar baradaky kämil bolmadyk düşünjelerini, meşgul bolan işlerini hem-de hudaýlaşdyrylan şekilleri çeper beýan edişlerini görkezýär.

Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri: 1. Nakgaşlyk – dünýäniň keşbini dürli reňkleriň sazlaşygynda suratlandyrýar. 2. Grafika – kagyzyň ýüzünde 1, 2 reňk bilen (ak, gara) çekilýän şekillendiriş sungatynyň görnüşi, grafikanyň esasy çeperçilik serişdesi – çyzyk, ştrih, nokat. Grafikada birnäçe reňkler hem ulanylýar. Heýkeltaraşlyk: Şekillendiriş sungatynyň göwrümli görnişi. Onuň 3 ölçegi bar- beýikligi, uzynlygy, galyňlygy.

Ýurdumyzda sungaty we medeniýeti ösdürmeklige köp üns berilýär. Ýurdumyzda birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, muzeýleriň gurulmagy, bäsleşikleriň yglan edilmegi, ylmy konferensiýalaryň geçirilmegi, sergileriň guralmagy, medeniýet we sungat günleriniň geçirilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzda sungaty, medeniýeti ösdürmek üçin birnäçe bäsleşikleri yglan etdi. Bu bäsleşikler bolsa ýaş sungat, medeniýet işgärleriniň döretmäge, gurmaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Ol bäsleşikleriň biri hem “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigidir. Bu bäsleşigiň ýeňijileri her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda yglan edilýär we ýeňijilere gymmatbahaly sowgatlar gowşurylýar.

Näzik ANNAMÄMMEDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu