Siziň üçin...

Bagtyýar durmuşymyzyň gunçalary

27-02-2024 / 5

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň saglygy diýlip ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanda ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, dogry iýmitlenmegi we kadaly ösüp ulalmagy ugrundaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurdaky kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işler we çäreler hem biri-biriniň yzyny hatarlaýar.

Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýamyzda hem bu ugurda birnäçe işler göz öňünde tutulyp, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga, jemgyýetiň ruhy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem birnäçe işler gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda her bir maşgalada, şol sanda bilim we terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň sagdyn kemala gelmegi, sowatly bolup ýetişmegi ugrunda zerur şertler durmuşa geçirilendir. Bu ugurda çagalar baglarynda hem körpeleriň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, dürli çäreler, öwrediji okuwlar geçirilýär. Bu çärelere okuw, ýazuw, surat çekmek, aýdym-saz we kompýuter sowatlylygy ýaly okuwlary öz içine alýar.

Sowat öwretmek, dil bilimi boýunça ýörite sapaklary guramak körpeleriň mekdebe ykjam taýýarlygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmakda, çagalary okatmakda häzirkizaman usullaryndan peýdalanmakda çagalar baglaryndaky interaktiw tagtalardan, kompýuterlerden peýdalanmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Döwrebap enjamlaşdyrylan otaglar we kämil tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy körpeleriň dünýägaraýşynyň giň, gözýetiminiň çuň bolmagyna getirýär. Şol sanda çagalar baglarynda okatmagyň usullarynyň we serişdeleriniň kämilleşdirilmegi öz gezeginde çaganyň aňynyň ösüşini we pikirleniş endigini ösdürýär.

Körpe nesillerimiziň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar ýaş raýatlaryň — biziň arzuwlarymyzyň we bagtyýar geljegimiziň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Aýsypat BAÝMURZAÝEWA,
Köýtendag etrabyndaky 43-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu