Mälim bolşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada, maşgala gymmatlyklary hem-de belent ruhy taglymlary mynasyp dowam etmek döwlet Baştutanymyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de milli ynsanperwer däplere esaslanýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýaş türkmenistanlylaryň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ösmegi we zehin-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň geçen ýylyň aprelinde geçirilen guramaçylyk mejlisinde Türkmenistan 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy. Ýurdumyzyň 2018 — 2020-nji ýyllar aralygynda-da düzümiň agzalygyna saýlanyp, bu jogapkärli wezipäni üstünlikli ýerine ýetirendigini bellemek gerek. Munuň özi döwletimiziň çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatda oňyn tejribesiniň goldanylýandygyny tassyklaýar.
Maşgalanyň we mekdebe çenli bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biri-de sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek bilen baglydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň maşgala däbine öwrülmeginde çagalar, ilkinji nobatda, ululardan, hususan-da, ene-atalaryndan görelde alýarlar. Çaganyň hemmetaraplaýyn beden taýdan ösüşini üpjün etmek hem-de saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işlerde maşgala agzalary we durmuş şertleri esasy orny eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, mekdebe çenli bilim edaralary esasy merkez hökmünde çykyş edýär. Çünki çaganyň işjeňlik döwrüniň aglaba bölegi şol ýerde geçýär. Mekdebe çenli bilim irki ýaşdan başlap çaganyň duýgularyny ösdürmek, şahsyýetiniň beden hem-de akyl taýdan sazlaşykly ösüşiniň esaslaryny kemala getirmek, ony milli we umumadamzat gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak, onda ukyplary, zehini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek, daşary ýurt dillerini öwretmek, arassaçylyk, öz-özüňe hyzmat etmek endiklerini terbiýelemek, çagany mekdepde okamaga taýýarlamagy üpjün etmek maksatlaryna hyzmat edýär. Türkmenistanda döwlet we milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň maksatlaryna, wezipelerine laýyklykda, mekdebe çenli bilim alýan çagalaryň sany barha artýar.
Mekdebe çenli ýaşly çagada saglyga gözüň göreji kimin garamaga bolan gatnaşygy terbiýelemekde mugallymçylyk işiniň degişli derejede guralmagy zerurdyr. Mugallym çagalar bilen bilelikde iş alyp barlanda, maşgala agzalary bilen yzygiderli gatnaşykda bolup, çaganyň saglyk medeniýetine içgin aralaşýar. Mekdebe çenli ýaş beden we aň taýdan saglygyň binýady goýulýan döwürdir. Hut şol döwürde beden agzalary işjeň ösýär, şahsyýetiň esasy häsiýetli aýratynlyklary, dünýägaraýşy kemala gelýär. Şu jähetden, bu ýaşda çagalara sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky bilimleri we amaly endikleri öwretmek, bedenterbiýäniň we sportuň ulgamlaýyn maşklaryna aňly-düşünjeli islegleri döretmek möhüm ähmiýete eýedir.
Çagalarda durmuşa bolan gatnaşyk juda irki döwürden başlanýar. Şoňa görä-de, çaganyň daşyny gurşap alýan ynsanlaryň arasynda, esasan, maşgala agzalarynyň täsirli orny uludyr. Çagalar bolup geçýän ýagdaýlary tiz kabul edýärler we olardan nusga alýarlar. Olara dogry we nädogry hereketleri «çaga dilinde» düşündirmek, yzygiderli üns bermek her bir ene-atanyň baş wezipesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi we onuň esaslary baradaky düşünjäniň körpeler üçin çylşyrymly bolýandygy sebäpli, ony sada ýollar bilen kem-kemden öwretmek, her bir gazanan üstünliklerini taryplamak wajypdyr.
Ýaş nesil — jemgyýetiň geljege şugla saçýan aýratyn bölegi. Sagdyn, zehinli, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösen çagalary kemala getirmek maşgalanyň, döwletiň, şol bir wagtda, mugallymlaryňdyr terbiýeçileriň esasy wezipesidir.
Gülälek HANALYÝEWA,
Halaç etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.