Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi.
Türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy-adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary meşhur watandaşymyzyň baý we köpugurly şygryýetinde öz beýanyny tapypdyr. Bu ýagşy umyt-arzuwlar häzirki döwürde hasyl boldy. Magtymgulynyň ynsanperwer pikirleri bolsa Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzdi.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär. 1992-nji ýylda döredilen bu maksatnama dünýäniň aýratyn ähmiýete eýe bolan ýazuw ýadygärliklerini gorap saklamagy, giň jemgyýetçiligiň olara elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň şu ýylyň maýynda Pariž şäherinde geçirilen mejlisinde makullanyldy. Bu çözgüt meşhur nusgawy şahyryň döredijiligini diňe bir wagyz etmek bilen çäklenmän, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän medeni diplomatiýany ählumumy derejede ilerletmäge hem ýardam eder.
Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Bu ýadygärligi öňde boljak baýramçylygyň çäklerinde açmak meýilleşdirilýär.
Şanly senä bagyşlanyp geçirilýän we geçirilmegi meýilleşdirilýän ähli çäreler dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen giňden tanyşdyrmaga, onuň gaýtalanmajak zehininiň örän çuňdugyna akyl ýetirmäge, umumylykda bolsa halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Merjen ÖWEZOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.