Siziň üçin...

Ibna Sina — akyldarlaryň serdary

21-02-2024 / 5

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn «Dört müň dört ýüz ýaşan» Lukman Hekimiň ― taryhyň iň görnükli alymlarynyň biri Abu Aly ibn Sinanyň meşhurlygy bütin dünýä ýaýrandyr.

Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina X-XI asyryň beýik şahsyýetleriniň biridir. Günbatar döwletlerinde ol Awisenna ady bilen giňden tanalýar. Haçan-da onuň ady tutulanda, bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň keşbi göz öňüňde janlanýar.

Alym gündogarda doglup, gündogarda ýaşap, gündogarda ylym bilen meşgullanandyr. Ylymda Ibn Sinanyň meşgullanan, dürli ylmy iş ýazan ugurlarynyň hemmesini sanap çykmak mümkin däldir. Ibn Sina astronomiýadyr fizikada-da, himiýadyr zoologiýada-da, geologiýadyr geografiýada-da, hatda şygryýetdir sazda-da ymykly yz galdyrypdyr. Akyldar «Ikinji mugallyma», ýagny Abu Nasr Al Faraba özüniň halypasy hökmünde garapdyr: «Ol (Faraby) körlere ýagtylyk berdi, ol biziň mugallymymyz» diýip, öz ruhy halypasyna uly sarpa bilen garapdyr.

Ibn Sinanyň ömrüniň belli bir bölegi saparlarda geçipdir. Ol özüniň gymmatly eserleriniň köpüsini şu saparlar wagtynda döredipdir. Ibn Sinanyň Merkezi Aziýanyň ençeme ylym ojaklarynda, şol sanda Köneürgenç hem-de Nusaý şäherlerinde ylmy işlerini ýazandygy we hassalary bejerendigi hakynda taryhy maglumatlarda duş gelmek bolýar. Ibn Sina iň köp kitap ýazan alymlaryň biridir. Onuň eserleriniň sany 450-den gowrak bolup, olar filosofiýa, lukmançylyga hem-de ylmyň beýleki dürli ugurlaryna degişli işlerdir. Ibn Sina Gürgenjiň, Merwiň, Buharanyň iri kitaphanalarynda saklanan gadymy grek alymlarynyň — Gippokratyň, Galeniň we beýleki akyldarlaryň lukmançylyk bilen bagly arap diline terjime edilen eserlerini içgin öwrenipdir.

Akyldar 16 ýaşyndaka Buhara emiri Nuh Ibn Mansury agyr keselden halas edip, onuň köşk kitaphanasyndan peýdalanmaga mümkinçilik alýar. «Men bu kitaphanada şeýle bir kitaplar tapdym, olar hakda ozal eşitmändim we olary şondan soňky ömrümde hiç haçan görmedim» diýip, gymmatly hem seýrek kitaplary ezberlik bilen okap, ylmy dünýägaraýşyny baýlaşdyrandygyny ýatlaýar.

Lukman Hekimiň ady arap edebiýatynda hem köp agzalyp geçilýär, onuň parasatly setirlerine, döreden tymsallaryna gabat gelmek bolýar. Onuň galamyna degişli diýlip hasap edilen tymsallaryň toplumy «Lukmanyň tymsallar kitaby» ady bilen Pariž şäherinde saklanýar.

Gündogarda “Alymlaryň baştutany”, Günbatarda “Akyldarlaryň serdary” diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr.

Sülgünjemal ABDULLAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu