Siziň üçin...

Dünýä çykmagyň açary

15-02-2024 / 4

Ýurdumyzda dil bilimini ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär hem-de birnäçe wezipeler durmuşa geçirilýär. Şol wezipeleriň ilkinjileriniň biri hem orta mekdepden uçurym bolan ýaşlaryň, hökmany suratda üç dili — türkmen, iňlis we rus dillerini bilmelidigidir.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň bize nämeleri berip biljekdigi barada pikir öwreliň. Iň ýönekeýje zat, daşary ýurtlaryň birine syýahata gidilende terjimeçisiz düşünşip bilmegiň ýa-da merjen paýtagtymyzyň görkana goýnunda gezim edip ýören gaýry döwletli myhmana onuň ene dilinde Aşgabat barada gürrüň bermegiň ýakymy nämä degmeýär?! Dünýä edebiýatynyň iň naýbaşy eserlerini asyl dilinde okamak hem bahasyna ýetip bolmajak lezzet bagyşlaýar. Bilýän daşary ýurt diliňde aýdymlary diňlemek, filmlere tomaşa etmek-de ýakymly. Galyberse-de, ata-babalarymyzyň «Bir dil bilen — bir adam, iki dil bilen — iki adam» diýen sözüniň özi hem dil öwrenmegiň ähmiýetini açyp görkezýärmikä diýip hasaplaýarys.

Dilçi alymlaryň bellemeklerine görä, dil öwrenmek ynsanyň aň-düşünjesini ösdürýär hem-de sözleýiş ukybyny kämilleşdirýär. Şunuň özi hem ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ýaly aladalar bilen berk baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletimizde ýaşlaryň dünýä dillerini özbaşdak öwrenmegi üçin mümkinçilikleriň uly tapgyry döredilýär. Bu gün dil öwrenmek isleýän ýaşlarymyz ýörite dil merkezlerine gatnap, diňe rus ýa-da iňlis däl, islän dünýä dillerini öwrenmäge mümkinçilik gazanyp bilýärler. Dil merkezlerinde ýaşlaryň dilleri has çuň öwrenmegi üçin sapaklar dünýä ülňülerine laýyklykda gurnalýar. Bu bolsa dil öwrenmäge höwesek ýaşlaryň sanynyň has-da köpelmegine sebäp bolýar.

Narhal SADATOWA,
Çärjew etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu