Siziň üçin...

Täsin däp-dessurly döwlet

12-02-2024 / 5

Ýaponiýa öz halkynyň kesgitli mentaliteti we häsiýetli alamatlaryna daýanyp, dünýäde öz ornuny tapdy we kuwwatly ösen döwlete öwrüldi. Ýurduň medeniýeti, gadymdan gelýän däp-dessurlary jemgyýetçilik durmuşynyň köp sanly gurşawlarynda orun alýar.

Çaý dabarasy

Çaý içmek ýapon halky üçin ýönekeý beden zerurlyklaryny kanagatlandyrmak däl, ol ýurduň hakyky medeniýetliliginiň alamatydyr. Çaý dabarasy Ýaponiýada aýratyn alamatlar esasynda alnyp barylýar we köp sanly däp-adatlary özünde jemleýär. Çaý dabarasyny ýerine ýetirmek üçin her bir maşgala-da çaýhana bar. Çaýhana  özünde otag ösümliklerini we rahatlygy jemleýär. Çaý dabarasyna 5-den köp adam gatnaşyp bilmeýär. Olar özara gürrüňdeşligi pyşyrdamak arkaly amala aşyrýarlar. Dabara gatnaşyjylar ýörite niýetlenen geýimleri geýmäge borçludyrlar. Çaý dabarasy birnäçe sagatlap hem dowam edip biler. Dabarany amala aşyrmak işi nesilden-nesle geçýän gymmatlykdyr. Hat-da bu sungaty dogry ýerine ýetirmegi öwretmek üçin, ýurtda birnäçe okuw merkezleri hem hereket edýär. Häzirki wagtda bu däbiň 6 sany aýry görnüşleri bar. Olar: giçlik wagty, günüň dogýan wagty, ir säher bilen, günortadan soň, agşamlyk we ýörite niýet edilen wagtlar. Çaý dabarasyny ýerine ýetirmegiň maksady, ilki bilen gadymy däbi amala aşyrmak, soňra bolsa ruhy taýdan rahatlanmak bolup durýar.

  • Ýurduň milli lybaslary

Ýewropa ilatynyň “kimono” diýip atlandyrýan lybaslary Ýaponiýanyň milliligi bolup durýar. Däp boýunça ýapon halky kimono bilen bilelikde ýörite halat geýýärler we ony 7 sany guşak bilen baglaýarlar. Tomus aýlarynda geýilýän kimono başgaça “ýukata” hem diýýärler. 

  • Daşly baglyk

Ýaponiýanyň medeniýetiniň ýene-de bir aýratynlygy, onuň içinde daşly baglygyň bolmagydyr. Bu ýer diňe bir daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni çekiji döredijilik eseri bolman, eýsem ruhuňy galkyndyrýan gözel künjek hasaplanýar. Daşly baglyk öz taryhyny Muromati döwründen, ýagny 1336-1573-nji ýyllardan alypdyr. Halk tarapyndan berkidilen adamlar bu emeli gözellige her gün gözegçilik edýärler. Daşly baglyk özünde kesgitli bir mazmuny, aýdyň maksady jemleýär. Bu maksada bolsa diňe şähdaçyk we joşgunly adamlar düşünip biler.

Meretmuhammet GUWANÇGULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu