Siziň üçin...

Körpelere öwrediji oýunlaryň oýnatmagyň ähmiýeti

11-02-2024 / 58

Döwlet syýasatymyzda mekdebe çenli bilim edaralarynda alnyp barylýan işleri döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda guramak, işiň netijeli usullaryny ulanmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir.

Hut şu maksat bilen, çagalaryň döwrebap bilimleri ele almaklaryny gazanmakda körpelere peýdaly oýunlary oýnatmagyň we bu işde interaktiw usullardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Bu mekdebe çenli ýaşly körpeleriň aňyna bilimiň başlangyç düşünjelerini talabalaýyk ýetirmäge, olarda asylly häsiýetleriň kemala gelmegini gazanmaga, döredijilige ugrukdyrmaga ýardam edýär. Şol sanda çaganyň oýunlara has gyzygýan döwründe olara sowat öwretmegi dürli oýunlar bilen baglanyşdyrmak düşünjäni çalt we ýeňil kabul etmäge mümkinçilik açýar. Ilkinji ädimler hökmünde dürli şekilleriň üsti bilen olara reňkleri, dogry sanamagy, geometriki şekilleri, haýwanlaryň atlaryny öwretmek kesgitlenilendir. 1-den 10-a çenli sanlary öwretmekde reňkli kagyzlardan ýasalan şekilleriň ýa-da kiçijik pökgileriň kömegi bilen dürli oýunlary oýnadyp bolýar.   

Her bir terbiýeçi öz başarnygyna we usulyna görä, körpelere taýýarlanan slaýdlar, wideoşekiller arkaly harplary we şekilleri gaýtalatmak, harplarydyr suratlary reňkletmek olaryň ukyplary ösdürmäge ýardam edýär. Sowadyň we bilimiň ilkinji düşünjelerini bermekde türkmen milli oýunlarynyň hem orny uludyr. Bu çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri bilen birlikde pikirlenişini ösdürmäge, akyl ýetirişini çuňlaşdyrmaga, dilini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Toparlaýyn oýnadylýan oýunlar çagalarda dostlugy terbiýeleýär. Oýnuň üsti bilen döreýän bilesigelijilik bilen körpeler özleri üçin köp maglumatlary hem kabul edýärler. Şeýle hem çagalara milli oýunlary öwretmek bilim we terbiýeçilik işlerini asylly däp-dessurlar bilen utgaşyklykda alyp gitmäge mümkinçilik açýar.

Elmira MÖWLANOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu