Siziň üçin...

Dil bilmek – dünýä syýahat

03-02-2024 / 4

Garaşsyz Watanymyzda bilimi ösüşiň, ýaşlary bolsa aýdyň geljegimiziň binýady hasaplaýan hormatly Prezidentimiz ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Ýaşlaryň döwrebap bilimlerden habarly, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin uly işler edilýär. Döredilýän şeýle mümkinçiliklerden ruhlanýan ýaşlar daşary ýurt dillerini öwrenmeklige-de höwesli garaýarlar. Bu bolsa olaryň geljekde ata watanymyzyň dost-doganlyk ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna öz goşantlaryny goşjakdygyna bolan ynamy pugtalandyrýar.

Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde daşary ýurt dillerini öwretmeklik işleri ýokary derejede alnyp barylýar, ýaşlara ençeme dünýä dilleri öwredilýär. Bu boýunça geçirilýän okuw sapaklary özüniň guramaçylyk ýagdaýy, işjeň häsiýeti, sanly ulgamyň ornaşdyrylanlygy we usulyýeti bilen aýratyn tapawutlanýar. Türkmen ýaşlary bu gün geçirilýän ylmy-amaly we usulyýet maslahatlarynda, beýleki orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, okuwçylarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda daşary ýurt dillerinde teleköpri arkaly uzak aralykdan yzygiderli gurnalýan olimpiadalarda, okuw sapaklarynda bilimlerini artdyryp, sözleýiş medeniýetini ösdürýärler.

Çünki dünýä dillerini öwrenmeklik dünýä ýurtlarynyň tejribesiniň milli häsiýetde ýurdumyzda peýdalanylmagyna we asylly ýörelgelerimiziň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna uly ýol açýar. Ýurdumyzda halkara derejesinde onlaýn görnüşinde geçirilýän forumlarda, maslahatlarda, sergilerde we beýleki dünýä jemgyýetçiligi bilen bagly çärelerde dünýä dilleriniň peýdalanylmagy möhüm şert bolup durýar. Şeýle möhüm ähmiýetli wakalarda bolsa döwrümiziň kämil bilimli, ýokary hünär derejeli ýaşlary, dilçileri, degişli hünärmenleri we terjimeçileri ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň ýokary derejede öwrenilýändigini subut edýärler. Munuň özi diňe bir dil öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýändigini aňlatman, eýsem, türkmen medeniýetiniň wagyz edilmeginde hem uly ähmiýete eýedir.

Elbetde, bir dili tebigy ýagdaýda öwrenmek üçin şol diliň gepleşilýän ýerinde bolup, 5-6 ýylyň dowamynda öwrenip bolýar. Has çalt we aňsat öwrenmek üçin bolsa, köp okamaly bolýar. Her diliň gurluşy tapawutly bolup, bu ýagdaý dil öwrenilende beýnini işjeňleşdirýär. Şeýle hem daşary ýurt dilindäki sesler hem başgaça bolup, suwara gürlemek üçin diliňi ýençmeli bolýar. Bular beýnini has hem işjeňleşdirýär. Şonuň ýaly hem daşary ýurt dilini öwrenip başlan ilkinji günüňden şol dilde gürlemäge, daş-töweregiňizdäki ähli görýän zatlaryňyzy beýan etmäge çalyşmaly.

Dil öwrenmekde ýene-de bir esasy endige eýermeli, ýagny özleşdirýän diliňde eşidenleriňi içiňden gaýtalamaly. Ilkibaşda deň gaýtalap ýetişmezligiňiz ahmal, ýöne ýetişen ýerleriňizi gaýtalap dowam etmeli. Bu usul arkaly tele-radio ýazgylardan eşidilen maglumatlary gaýtalap, dogry sözleýiş äheňine eýerip bolýar. Şeýle hem, öwrenilýän diliň esasy gurluşlar yna düşünip başlanylandan soň, şol dilde pikirlenmäge çalyşmaly. Ylmyň ösmegi bilen dil öwretmegiň has ygtybarly we netijeli usullary işlenip, tejribä ornaşdyrylýar. Bu bolsa mugallymlar, talyplar üçin hem ýeňillikleri döredýär. Dil öwrenmäge sarp edýän wagtyňy tygşytlamaga şert döredýär.

Zumrat Gülliýewa,
Çärjew etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu