Ylmy-önümçilik merkezinde ýaş alym gelin-gyzlar bilen söhbetdeş bolduk.
Laçyn Annaýewa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
— Häzirki wagtda biz, ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagymyz üçin döwrebap şertler döredilýär. Men uniwersitetimiziň halypa mugallymlaryndan öwrenýän nazaryýetdäki bilimimi öz oýlap tapyjylyk pikirlerim bilen sazlaşdyryp, bir önüm taýýarladym. Meniň taýýarlan serişdäm gözellik biotehnologiýasynda ylmy-önümçilik merkezine degişli bolan skrab önümidir. Skrab önümini taýýarlanymda balykgulagyň kalogenini, birnäçe ösümlik ekstraktlaryny (bägül we çigildem), şeýle-de ys berijileri ulandym. Skrabyň ýüz üçin arassalaýjy ähmiýeti bar. Şeýle-de bu önümiň deriniň öli öýjüklerini direldiji täsiri hem bardyr. Önüm derä çalnandan soňra, 5 minut saklap, mylaýym suw bilen ýuwmaly. Deriniň has-da gowulanmagy üçin ýasalan serişde deriniň mylaýym we ýumşak bolmagyna ýardam berýär.
Çaryýewa Aýnabat, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby:
— Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ylym-bilim kämilleşýär. Bu gün biz, ýaşlar üçin döretmek, ylym bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Men reýhan ösümliginden ýasalan marmelad önümlerini taýýarlaýaryn. Önümçilige başlamazdan ozal, bu reýhan ösümliginiň ekologik taýdan arassalygyny barladyk. Taýýarlanan marmeladlaryň düzüminde ýerli reýhan ösümligi, limonyň turşusy, arassa suw bardyr. Bu süýjülik önümleri otag temperaturasynda 20 gün saklanmak möhleti bar. Sowadyjyda bolsa 1 aýa çenli saklap bolýar.
Ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýan ýaşlarymyza üstünlikler arzuw edýäris.
Habarçy.