Siziň üçin...

«Mawy ýangyç» ― dünýäniň baýlygy

06-12-2023 / 2

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasyny goýan hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde duran milli bilim ulgamyndaky ösüşler özüniň netijeleri berýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamy kämilleşdirmekdäki Kararlaryna we Permanlaryna doly we dogry düşünýän mugallymlar ösüp gelýän ýaş nesle bilim hem-de terbiýe bermekde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän işjeň usullardan netijeli peýdalanyp, sapaklary we synpdan daşary netijeli döredijilik işlerini geçirýärler.

Bilşimiz ýaly, Ýer planetasyndan çykýan tebigy gazyň 1/3 bölegi Türkmenistanyň ýerasty çäginde ýerleşip, onda  uly depginde nebit we tebigy gaz önümleri öndürilýär. Tebigy gaz halk hojalygynda  giňden ulanylýar we goňşy döwletlere eksport edilýär.

Tebigy gazyň janly organizme ýetirýän zäherleýji täsiriniň bardygy sebäpli ony asylly we paýhasly peýdalanmak maslahat berilýär. Şol sebäpden gaz bilen işleýän enjamlardan peýdalanylanda tehniki howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek zerurdyr.

Kähalatlarda tehnikada ýüze çykýan kemçilikleri aýyrmak üçin tebigy gaz wagtlaýyn kesilýär. Gaýta başdan liniýa gaza birikdirilende goraýjy bolmadyk ýagdaýynda ol ýakylman galan tebigy gazy atmosfera goýberilýär, netijede partlama, ýa-da janly organizme zyýanly täsirini ýetirýär. Biz şeýle hadysalary göz öňünde tutup, ýörite şu hili ýagdaýyň öňüni almak maksady bilen “Awtomatik usulda işleýän gaz gysyjy” enjamy ýasamaklygy maksat edindik. Taýýarlan taslamamyz, ýagny gaz aýyryjy enjam ulanylmaga mynasypdyr. Şeýlelikde, ilkinji ýönekeý-awtomatik usulda işleýän gaz awtomatik aýyryjy taýýarlanyldy.Onuň gurluşy çüýşe kolbasy; onuň içinde wertikal erkin hereket edip bilýän konus (klapyn), iki kanbally gaz liniýasy, gyzdyryja barýan geçiriji;1-2-3 kanallar plasmassa turbajyklardan ybaratdyr.Gysylan gaz gyzyl reňkli gapdan ybarat bolýar. Gapdaky gysylan gaz ýörite krandan plasmassa şlangalara geçirilýär. Gazyň basyşyny ýörite enjam bolan manometr bilen ölçenilýär.

Taslamada göz öňüne tutulýan gurluş liniýa birikdirilende näsazlyklaryň öňüni almakda giňden peýdalanylyp bilner. Dünýä möçberinde häzirki wagtda ulanylyp gelinýän dürli görnüşdäki gaz aýyryjylaryň  çyzgylary şekillendirilýär. Enjamyň ähmiýeti gaz çüwdürimi (başyşy) kesilende, gysdyryja barýan kanaly wertikal ýagdaýda  ýerleşýän hereketjeň konusy (klapyn) özüniň agyrlyk güýjüniň täsirinde  bekleýär we gaz liniýa geçirijini bekleýär. Şunlukda gysdyryja berilýän gaz kesilýär ýöne gyzdyryja barýan ýol açyk. Ýokarda wertikal ýagdaýda ýerleşýän konus öz agyrlyk güýjüniň täsirinde aşaklaýar we onuň düýbünde ýerleşýän giriş kanalyny bekleýär. Tebigy gaz gysdyryja barmasyny bes edýär we işlemeýär. Gaýta başdan gaz beklense konus gyzdyryja barýan çykalgany ýapýar. Bu ýagdaý konus açyk gyzdyryja tebigy gazyň gelmesinden goraýar.

Gaz berilende gyzdyryja barýan çykyş kanallaryny açmak üçin wertikal aşak böleginde ýerleşen geçiriji kran açylýar. Tebigy gazyň edýän basyşynyň täsirinde konus 1-nji görnüşe görä wertikal ýokaryk galýar we gaz çykaryş kanalyndan gyzdyryja barýar, aşak tarapda ýerleşýär geçiriji kran beklenilýär.  Bu bolsa, ýagny enjamyň kömegi bilen  elektrik togunyň täsiri bilen otagyň içinde partlama emele gelmeginiň öňüni alýar. Gaz aýyryjy enjam gündelik durmuşymyzda ulanylmaga mynasypdyr.

Balta MURADOW,
Rüstem ROZYÝEW,
Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň mugallymlary.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu