Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bularyň ählisi döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň berkemeginde, ömür dowamlylygynyň uzamagynda örän uly ähmiýete eýedir.
Ynsanlaryň sagdynlygy we ruhubelentligi şu günüň hem-de geljegiň arassa howa şertlerine, daşky gurşawyň durnukly ýagdaýynyň saklanmagyna, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna aýratyn talaplary bildirýär. Şu nukdaýnazardan, adamzadyň röwşen geljeginiň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak üçin uzak möhletleýin halkara we milli ekologiýa çäreleri meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde BMG-niň tebigaty goramak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulýan ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara ýörelgeler we milli gymmatlyklar esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Türkmenistanyň dünýä forumlarynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly ählumumy maslahatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň meseleleri boýunça duşuşykda, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.
Olaryň hatarynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bolup, türkmen tarapy bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda zerur düzümi bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda hem Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir we şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir.
«Bu resminama Merkezi Aziýada BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Türkmenistanda Sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýarys» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere we bioköpdürlülige eýe bolan we şol bir wagtyň özünde düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýandygyny belledi.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.