Tagamlary taýýarlamak

DOGRAMA nähili taýýarlanylýar?

20-01-2021 / 23

Dograma taýýarlamak üçin birnäçe tamdyr petir çörek bişirilýär we täze goýun ýa-da sygyr eti gazana atylyp, et süňkden sypara gelýänçä gaýnadylýar. Petir çöregi, bütin maşgala bolup, elde owunjak dograp, giň ýazylan saçakda dogralan et, sogan bilen gowy garýarlar. Soň dogramany iýjek adamlaryň islegine görä tabaga salyp, üstüne gyzgyn çorba guýup, äberýärler.

  • Gazana et atyp, suw guýup, ony güýçli otda goýmaly. Suw gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügini aýyrmaly we çorba duz atmaly. Soňra gazany aram otda goýup, onuň gapagyny ýapmaly. Çorba 20 minut gaýnansoň, onuň içine pomidor, sogan, islege görä balgar burç dograp atmaly. Gazanyň gapagyny ýapyp, et gowy bişýänçä, çorbany gaýnatmaly. Çorbanyň duzuny dadyp görmeli, eger ýuwan bolsa, oňa duz atmaly.
  • Soňra çorbanyň eti bişýänçä petir çöregi bişirmeli. Petir çörek üçin tabaga duz atyp, suw, hamyrmaýa we un guýup, hamyr etmeli. Hamyry 2 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly.
  • Howurpeji 250°C (482°F) gyzgynlykda gyzdyrmaly. Ojak gyzýança hamyry oklaw bilen ýaýyp, 1.5 sm galyňlykda çörek ýasamaly. Çörekleri dürtgüç bilen güri dürtmeli we ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli. Çörekleriň ýüzüne suw çalmaly we tabany howurpejiň ortaky gatynda goýmaly. Çörekleri ýüzi gyzarýança (15-18 minut) bişirmeli.
  • Soňra bişen çöregi saçagyň üstünde eliň bilen ownuk dogramaly (bir çöregiň ¼ bölegini dograman goýmaly). Dogralan çöregiň üstüne dörtburç şekilinde kesilen sogany guýmaly. Çorbanyň etini bir tabaga çykarmaly we ony dogralan çöregiň üstüne atmaly. Soňra eti dograman goýan çöregiň üstünde ownuk dogramaly. Dogralan eti, sogany, çöregi iki eliň bilen gowy garmaly we üstüne 3-4 nahar çemçesi ýagly çorba sepelemeli. Şondan soň dograma taýýar bolýar, ýöne 20-30 minut saçaga dolap goýsaň, ol gowy alyşýar we has tagamly bolýar.

Işdäňiz açyk bolsun mähribanlar!

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu