Zenana, enä hormat goýmak gadymy däplerimiziň biridir. Ilhalar perzentleri ýetişdirýän eneleriň il içinde sarpasy belentdir. Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanymyzda, türkmen zenanlarynyň mertebesine, beýik ykbalyna buýsanýarsyň.
Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn ata çykyp, söwer ýaryny ýesirlikden boşadan, il-gününe hemaýat eden gaýratly zenan hökmünde taryha giripdir. ХI asyryň ahyrlarynda, ХII asyryň başlarynda ýaşap geçen Seljuk türkmenleriniň soltany Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatyn adamsyna döwleti dolandyrmakda, ýurduň medeniýetini ösdürmekde ýakyndan ýardam beripdir. Asyllylygy, parasatlylygy, söze çeperligi bilen uly hormata mynasyp bolan Mähesti şahyr, ХV asyrda ýaşap geçen Mähri hatyn ýaly ajaýyp zenanlarymyz şygyrlary bilen edebiýatda mynasyp yz galdyrypdyrlar.
„Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz“ ýaly nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýe meselesinde gyz maşgalanyň terbiýesi aýratyn orun eýeleýär. Gyz perzent dünýä inenden, onuň edep-terbiýesine ünsli garalýar. Gyz maşgala işe ýarandan, el işine ünsi gönükdirmek hem milli terbiýeçiligiň bir usulydyr. Çünki, juda inçe, çylşyrymly çekilýän keşdeler ünslüligi, sabyr-takatlylygy, agraslygy hem terbiýeleýär. Şol bir wagtda bu iş çaganyň çeper döredijiligini, ukyp-başarnygyny, owadan, gowy zady saýlap bilmek, geýinmek medeniýetini hem ösdürýär. Milli el işleridir öwütler bilen terbiýelenen gyz maşgalalar biri-biri bilen bäsleşip, kämil nusgalar döredipdirler. Kemine şahyryň “Meniň dilim, seniň eliň hünäri; Nusga bolup gezer ilden-illere” diýen setirlerinde on barmagyndan dür dökülýän gözelleriň el hünärini çeper döredijiligiň naýbaşysy bolan şygyr sungaty bilen deňemeginde uly many bar.
Il arasynda meşhur rowaýatlaryň birinde bir gyzyň uly gelnejesiniň hemme işi taýýar edip berşine kaýyl bolup, lälik ösüşi, soňra kiçi gelnejesiniň oňa iş öwretjek bolup jan çekişi gürrüň berilýär. Elbetde, gyz üçin uly gelnejesi eziz görnüpdir. Emma durmuşa çykyp, gelin bolup baran öýünde hiç bir işi başarman, muny boýun almaga hem utanyp, kiçi gelnejesiniň öwretjek bolanlaryny ýatlap, bolşuna görä öý işlerini edişi, “Wah, edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem gowy eken” diýen gürrüňleri eşidýän ýaş gyzlarymyz iş öwrenmäge has höwesek, ilgezek ýapyşýarlar. Bu hem biziň terbiýeçilik ýörelgelerimiziň kämil derejesini görkezýär. Şonuň üçin häzirki ösen döwrümizde hem milli terbiýeçiligimiziň şeýle asylly ýörelgelerini dowam etmäge uly üns berilýär.
Bahar MUHYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.