Söz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Zenanlar — durmuşyň gönezligi

15-05-2023 / 18

Maşgalanyň agzybirligi zenan maşgala baglydyr. Maşgalada agzybirlik bolsa, ol maşgalada asudalyk, ruhubelentlik, şadyýanlyk, bagtyýarlyk höküm sürýär. Bu bolsa, zenan maşgalanyň geçirimliligine, mähremligine, tutanýerliligine bagly bolýar.  Bu günki gyzjagaz ertirki ene. Maşgalada gyzy geljekki enelige taýýarlamak hem enäniň gerdenine düşýär.

Gyz maşgala edep-ekramly bolsa, baran ýerinde-de uly abraýa eýe bolýar. Ene-mamalarymyz gyzlara öwüt-nesihat berenlerinde “Ýöräniňizde ýeriň gaýmagyny bozman, oturşyňyz kepderi oturyşyny, iş edişiňiz  guba gaz hereketini  ýatlasyn” diýip, sargyt edipdirler.

Türkmen halky gyz maşgalanyň eliniň işli, diliniň süýji, edep-ekramly, sada  bolmagyny milli ýörelgeleriň üsti bilen beripdirler. Edep-ekramly, at-abraýly maşgalada önüp-ösen, gowy görüm-görelde alan çaganyň özüni alyp barşy, özünden kiçiler, ulular, deň-duşlary  bilen dil tapyp bilşi hem üýtgeşikdir. Gelin-gyzlar-durmuşyň gönezligidir, gözelligidir. Türkmenlerde aýal-gyzlar üçin gadym döwürlerden bäri gymmatbahaly daşlardan monjuk, asyk, ýüzük ýaly saý sepleri ýasamak Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda has hem ýörgünli bolupdyr.

Türkmenler şaýlary kümüşden ýasapdyrlar. Sebäbi, kümşüň saglyga peýdasy  türkmenlere gadymdan mälim bolupdyr. Kümüş köp kesel döredijileri ýok edýär hem-de bedeniň gan aýlanşygyny sazlaşdyrmaga kömek edýär diýip, çaklapdyrlar. Şol sebäpli gelin-gyzlara, ýaşy durugşan zenanlara ýaşyna görä şaýlar ýasapdyrlar. Gupba, çekelik, bukaw, gülýaka, bilezik ýaly şaýlar zenanlary has-da zynatly görkezýär.

Türkmen gelin-gyzyny doly şaý-sep bilen bezeseň, ol doly söweş geýmine giren juda owadan, görmegeý söweşiji gyz bolýar diýip, bellenilýär. Türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sylag-hormat juda beýikdir. Ata-babalarymyz tarapyndan türkmen tuguna, ar-namysyna deňelen gelin-gyzlarymyz özlerine goýulan sylagyň, sarpanyň mynasyp eýeleridir.

Aýşat JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu