Dürli-dürli witaminlere baý önümler her bir adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Bedeni sagdyn bolmagy üçin gerekli bolan ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Witaminlere baý hem-de ähli pasyllarda elýeterli bolan şugundyr adam saglygy üçin diýseň peýdalydyr. Maglumatlara görä, şugundyry we onuň ýapragyny biziň eýýamymyzdan öň dermanlyk serişde hem-de iýmit hökmünde ulanypdyrlar. Gadymy rimde şugundyr hökmany gündelik iýilmeli iýmit hasaplanyp, onuň ýapraklaryny bolsa burçlap ezip iýipdirler. Wagtyň geçmegi bilen şugundyr medenileşdirilip, dünýä ýurtlaryna ýaýrap başlaýar.
Şugundyr witaminlere baý bolmak bilen, adam bedenini gerekli bolan С, В1, В2, Р, РР witaminler, belok, foliýew turşusy, mikroelementler, aminokislotalar, mineral duzlar bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, şugundyr adam bedenine zerur bolan fosfor, kalsiý, magniý, natriý ýaly ýokumly serişdeler bilen üpjün etmekde başda durýar. Şugundyr düzüminde ýod saklaýşy boýunça-da hemme gök önümleriň arasynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Şonuň üçin hem ondan taýýarlanan tagam ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde örän peýdalydyr.
Şugundyryň düzümindäki B topara degişli witaminler dyrnaklaryň, saçyň we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň kadalay işlemegine oňyn täsir edýär. Onuň düzümindäki ýokumly maddalar gan basyşy ýokary bolan adamlar üçin örän peýdalydyr. Şugundyryň şiresi bilen deň mukdarda garylan bal gan basyşy ýokary galanda we rahatlandyryjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Ony günde bulguryň dörtden bir bölegi möçberinde günüň dowamynda 3-4 gezek içmek maslahat berilýär. Şeýle hem şugundyryň düzüminde betanin bolup, onuň howply täze döremeleriň emele gelmeginiň öňüni almakdaky peýdasy köpdür. Şugundyryň reňki näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde betanin şonça-da köp bolýar. Demriň gözbaşy bolmak bilen şugundyr ganazlykdan ejir çekýänler üçin hem gymmatly önümdir. Onuň ter görnüşinden alnan şire ganyň düzümini gowulaşdyrýar. Ony bagyr kesellerinde ulanmak hem peýdalydyr. Bagryň öýjüklerini dikeltmek hem-de täzeleriniň emele gelmegine oňyn täsirini ýetirmek häsiýetiniň bardygy bellärliklidir. Şugundyryň esasy ajaýyp aýratynlyklarynyň biri-de, onuň ter görnüşinde-de, bişirilen görnüşinde-de özüniň peýdaly häsiýetini ýitirmeýänligindedir. Berhiz tutýanlar üçin hem şugundyr örän ýokumlydyr. 100 gram önümde bary-ýogy 50 kaloriýa bardyr.
Şugundyryň işdä açyjy, rahatlandyryjy häsiýeti hem bardyr. Şugundyr saýlananda, onuň reňkine (goýy bolsa has gowy), terligine, çüýrük ýerleriniň bolmazlygyna üns berilmelidir. Ony sowadyja goýmazdan öň, mazaly guratmalydyr. Şondan soň howa çeker ýaly käbir ýerinden deşilen sellofan haltajyklaryna salyp, sowadyjynyň miwedir gök önümleri saklanýan tekjesine goýmalydyr. Bellik: şugundyry iki hepdeden artyk saklamak maslahat berilmeýär!
Rahym AKMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.