Sagdyn durmuşSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Zenan saglygy ugrunda

Lukman maslahat berýär

10-02-2023 / 25

Ýurdumyzda zenanlar, olaryň saglygy barada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda irginsiz aladalar edilýär. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri görýän, hemişe her bir işde oňyn görelde görkezýän döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde-de öz halkyna nusga bolýar. Paýtagtymyz mermer şäher Aşgabatdan başlap, ähli welaýatlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşymyza ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak barada wagyz-nesihat maslahatlary geçirilýär.

Zenanlarda 30-50 ýaşlarynda,  köplenç,  ýatgy boýunjygynyň we süýt mäzlerinde duş gelýän mastopatiýa keselleri gabat gelýär. Bu keselleriň wagtynda öňi alynmadyk ýagdaýynda täze howply döremelere çenli baryp ýetýändigini ýatladasymyz gelýär. Çünki her bir zenanyň wagtly-wagtynda aýal lukmanlarynyň barlagyndan geçip, olaryň maslahatlaryny almagy zerurdyr.

Keselleriň döremegine jyns hem-de galkan şekilli mäzleriň funksiýasynyň bozulmalarynyň sebäp bolýandygyny göz öňünde tutup, endokrinolog bilen maslahatlaşmak artykmaçlyk etmeýär. Kesel irki döwürlerde dermanlyk otlary, ýokumlary, ýodly tebigy serişdeleri kabul etmek arkaly düwünleriň emele gelmegini durzup bolýar. Zerur halatlarda gormonal serişdeler bilen bejerilýär. Ýatgy boýunjygyny howply täze döremeleri hem zenanlarda kän duş gelýän kesellerden bolup, onuň wagty bilen alamatlary ýüze çykmaýar. Keseliň ilkinji alamatlary ýatgy boýunjygynyň limfa damarlarynyň zaýalanmagy netijesinde jyns ýollaryndan suwuklygyň gelmegi bilen başlanýar.

Zenanlarda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň ir döwürde anyklamak maksady bilen, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem häzirki wagtda aýallarda skrining barlaglary geçirilýär. Skrining barlaglarynyň ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň ir döwürde anyklamakda we keseli wagtynda bejerip öňüni almakda ähmiýeti örän uludyr.

Her bir keseli bejereniňden wagtynda öňüni almak örän wajypdyr. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekligiň, ýagny zyýanly endiklerden daşda durup, kadaly iýmitlenmegiň, lukmanyň maslahatyndan daşary dürli derman gerdejiklerini (antibiotikleri) ýygy-ýygydan ulanmazlygyň, stresden goranyp, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýeti uly bolup, olary ýerine ýetirmegimiz zerurdyr.

Muhabbat AHMETJANOWA,
Dänew etrabyndaky Garaşsyzlyk şäherçesiniň hassahanasynyň maslahat beriş we keselleriň öňüni alyş bölüminiň onkolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu