Dümew – dünýäde iň giň ýaýran keselleriň biri bolup, ol köplenç howanyň çalyşýan döwürlerinde — güýz, gyş we ýaz pasyllarynda ýüze çykýar. Bu döwürde adamyň bedeniniň gowşamagy, pyýada az ýörelmegi, sowuk howadan dem almagyň ýygylaşmagy, howanyň öwzaýyna seredilmän, ýeňil geýnilmegi zerarly käbir agzalaryň sowuklamagy sebäp bolýar.
Asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy dümewlemäniň ilkinji alamatlarydyr. Näsagyň kellesi agyrýar, gözi ýaşarýar, endam-jany üşedýär, işdäsi azalýar. Dümew näsaglygyň ilkinji günlerinden başlap, asgyrylanda, üsgürilende, gürleşilende tüýkülik arkaly sag adamlara geçip bilýär. Hiç haçan keseli aýak üstünde geçirmek bolmaýar. Näsagyň bedeniniň gyzgynlygy kadalaşýança düşekde ýatmaly. Limonly, bally çaý, gyzgyn süýt, itburundan, çopantelpekden taýýarlanan suwuklygy köpräk bermeli, burçly unaş içirmeli. Eger-de näsagyň burny dykylýan bolsa, sogan ýa-da sarymsak şiresi bilen ösümlik ýagyny goşup, burnuna damdyrylsa nepi deger.
Bir düýp sogany gyrgyçdan geçirip, üstüne ýarym litr gyzgyn süýt guýup, ýyly ýerde basyryp goýmaly. Agşam ýatyljak wagty onuň ýarysyny, irden hem ýarysyny içmeli.
Gijesine aýagyň aşagyna bal çalyp, sellofan halta dolap, üstünden ýyly jorap geýip ýatmaly. Bir-iki gün şeýdilse, dümew tiz geçer.
Dümewiň öňüni almakda arassaçylygy we sportuň ähmiýeti uludyr. Ertirki maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek, welosipedli gezelenç etmek ýokanç kesellerden goranmak we bedeniň kesellere garşy durujylygyny taplamak üçin peýdalydyr.
Bedeniň sagdyn bolmagy, kesellere garşy durup bilijiligini artdyrmak üçin witaminlere baý bolan gök önümleri, ir-iýmişleri, gök we bakja, süýt we süýt önümlerini köp mukdarda iýmeli. Kadaly iýmitlenmek adama güýç-kuwwat, saglyk berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär.
Saglygyňyzy goramak öz eliňizde!
«TürkmenGazet».