
Mis öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, biziň günlerimizde hem asla öz gymmatyny ýitirenok. Mis her adamyň bedeninde ýerini çalşyp bolmajak mikroelement bolup, kadaly ýaşaýyş üçin zerurdyr. Şeýle zerur elementleriň sany bolsa ençemedir. Olaryň arasynda demir, marganes, sink, molibden, kobalt, ýod we mis hem bar.
Misiň ýerine ýetirýän işi witaminleriň ähmiýetine deň hasaplanylýar. Bedende mis ýetmedik ýa-da agdyk bolan halatynda ösümlik-de, haýwan-da, adam- -da kesele ýolugýar.
Adatça, biz ýeterlik misi azyk önümlerinden alýarys. Uly adamlaryň bedeninde ýüz-iki ýüz milligram mis bardyr. Ýöne kümüşleriň käbir görnüşlerinde we derýa suwunda mis örän azdyr. Şonuň üçin hem horlanmak isleýän adamlar diňe bir meňzeş nahar iýmek bilen, misiň ýetmezçiligi zerarly dürli kesellere sezewar bolýarlar.
Mis molekulýar derejede geçýän biohimiki reaksiýalara gatnaşýar. Ine, şol sebäpli hem köp adamlarda mis ýetmezçiligi esasynda keseller ýüze çykyp bilýär. Mis ýetmezçilik edende, ilki bilen, aşgazan-içege ýollarynda ýüze çykýan keseller bilen kesellemek bolup geçýär. Süýji keselinde bolsa ganda misiň mukdary 30-50 göterime çenli azalýar.
Haýwanlarda mis ýetmezçilik etse, onda şol ýeriň topragynda-da , ösümliginde-de mis azlyk edýändir. Haýwanlarda misli fermentler az işlenilip çykarylýar. Netijede, haýwanlaryň dürli zäherli maddalardan goranyjylyk ukybynyň peselmegine we ýüregiň dokumalaryna täsir ýetýär.
Misiň mukdary gany barlag etmek arkaly ölçenilýär we bedeninde mis ýetmezçilik edýän näsaglara mis sulfatly, wannalar arkaly hem bejeriş işleri geçirilýär.
Mis bilen bejermek gadym döwürlerde ýüze çykypdyr. Gadymyýetiň beýik alymlary Gippokrat, Aristotel, Ibn–Sina (Awisenna) misi bejeriş serişdesi hökmünde ulanypdyrlar. Şol döwürlerde, has takygy, mis zamanynda misden edilen gap-gaçlar giňden ulanylypdyr. Merkezi we Orta Aziýanyň halklary çaýy ýörite mis çäýneklerde demleýän ekenler. Rus halkynda semawarlar misden ýasalypdyr. Birmada gelin-gyzlar boýunlaryna, el-aýaklaryna we billerine hemişe mis halka dakynýar ekenler. Müsürde we Siriýada çagalaryň ellerine we aýaklaryna mis halkalaryny dakypdyrlar. Kawkazyň üzümçi ilaty bolsa hasyl köp getirer ýaly, üzüm agaçlarynyň düýbüne mis metalyny gömýär ekenler.
Ýakup BAÝGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.