Aşakdaky düzgünleri gyşarnaksyz berjaý etseňiz, öýjükli telefonlaryň bedeniňize ýetirip biljek zyýanly täsirlerini azaldyp bilersiňiz:
Ykjam telefonlarda 5 minutdan artyk gürleşmek maslahat berilmeýär;
Öýjükli el telefonyny mümkin boldugyndan özüňden daşda saklamaly;
Ulag sürüp barýarkaňyz el telefonyny ulanmakdan saklanmaly. Çünki metal korpusdan serpigip gaýdýan elektromagnit meýdanynyň täsiri has güýçli bolýar;
Ýatanyňyzda ykjam telefonyňyzy özüňizden 1 metr uzaklykda goýmak maslahat berilýär;
El telefonynda gürleşeniňizde ony gulagyňyzdan 2-3 sm uzaklykda saklamaly;
Göwreli aýallara öýjükli telefonlary köp oýnamak maslahat berilmeýär;
Jaňyň oňat tutmaýan (set ýok ýerinde) ýa-da gürleşmek kyn bolan ýerlerde (ýerzemin, otly, uçar) öýjükli el telefon arkaly gürleşmekden saklanmaly. Netije-de, ol artykmaç şöhle goýberip başlaýar;
Çagalara (azyndan 10 ýaşa çenli) öýjükli el telefonlary ulanmaga rugsat bermeli däl. Elektromagnit şöhlelenme ýaňy ösüp, kemala gelýän ýaş bedene has zyýanly täsir edýär;
Ykjam telefonlaryň täsirini azaldýan gök-önümlerden peýdalanmaly. Gök çaý şöhle kesellerine garşy güýçli täsir edýär. Esasan telefonda gürleşilende ýa-da telewizora tomaşa edilende ýüze çykýan ses tolkunlarynyň täsirini aýyrýar. Antikansergon (rak dörediji maddalara garşy) we antioksidant häsiýetli mikroelementlere (ýod, kalsiý, kaliý, mis, selen, sink we. ş. m.), witaminlere baý önümlere (kelem, käşir, ýertudana we. ş.m.) ürç etmeli.
Şahriza RUSTAMOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.