Sagdyn durmuşSlider

Limon – miweleriň düri

06-12-2022 / 13

Gyş paslynda bedeniň sagdyn bolmagy, kesellerden goranyjylyk ukybyň ýokarlanmagy üçin jana ýokumly hem-de peýdaly iýmit bilen iýmitlenmelidir. Gyş möwsüminde C witaminine baý sitrus miwelerini iýmek diýseň peýdalydyr. Adamlar tarapyndan sitrus miweleriniň arasynda iň kän sarp edilýän görnüşi limondyr.

Limon örän peýdalydyr. Onuň düzümi dürli witaminlere, organiki turşulyklara, tiamine we efir ýagyna baýdyr. Aslynda-da, limon diňe gyşda däl, eýsem, ýylyň ähli pasyllarynda-da elýeterli bolup, ondan dürli tagamlary, içgileri, şireleri, konditer önümleri, kosmetiki serişdeleri taýýarlanýar. Aziýada limon ösümligi tagamly iýmiş hökmünde, dermanlyk häsiýetleri hem-de onuň agajynyň gözel görnüşi göz öňünde tutulyp, «ekinleriň düri» adyny alypdyr.

Bir limonda C witamininiň adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan möçberiniň üçden biri saklanýar. Limonyň düzümi B witaminler toplumyna hem baý bolansoň, ol özüňi rahat duýmaga hem-de uklamaga, keýpiňi çaglamaga, deriniň ýylmanak bolup, ýaş görünmegine täsirini ýetirýär. Onuň düzümindäki A witamini bolsa gözüň görüş ukybyny gowulandyrýar. Limon P witaminine hem baý bolup, ol bedeniň dürli infeksiýalara garşy göreşmegini üpjün edýär. Kaliý bolsa süňkleri pugtalandyrýar, ýüregiň işine oňyn täsir edýär, içegäniň mikroflorasynyň düzümini gowulandyrýar, iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirýär. Bu sitrus miwesi antiseptiki häsiýeti bilen hem belli bolup, limon şiresi goşulan suwa agzyňy hem-de bokurdagyňy çaýkamak peýdalydyr.

Gadymy döwürlerde adamlaryň arasynda dürli infeksiýalardan goranmak maksady bilen limon şiresi goşulan suwa ellerini ýuwmak ýörgünli bolupdyr. Şeýle-de içege kesellerine ýolukmaz ýaly limonly suwy içipdirler. Gadymda, häzirki döwür hem limonyň gabygy-da giňden peýdalanylýar. Adamlar dişleriniň etiniň sagdyn bolmagy üçin, limon gabygynyň iç tarapy bilen dişiň etine sürtüpdirler. Limonyň gabygyndan efir ýagy alnyp, ondan dermanlyk we kosmetiki serişdeleri taýýarlanýar. Galyň gabygy bolan limon ýuka gabyklydan has peýdaly hasaplanýar.

Taryhy maglumata görä, iňlis deňizçisi Jeýms Kuk uzak möhletlik deňze çykýan deňizçileriň C witamininiň ýetmezçiligi sebäpli döreýän singa keseline uçramazlygy üçin ýanlary bilen limon alyp gitmegi maslahat berýär. Şeýlelikde deňizçileriň arasynda köp duşýan bu howply keseliň öňi alnypdyr we Jeýms Kuk iňlis hökümeti tarapyndan sylaga mynasyp bolupdyr.

Çaklamalara görä, limon hytaý sözi bolan «li-mung» sözünden emele gelip, ol «ejeler üçin peýdaly» diýen manyny berýär.

Limon agajy, takmynan 5-8 metr aralygynda boý alýar we 40-45 ýyla çenli bol miwe berýär. Onuň bir agajyndan 500-e çenli miwe almak bolýar. Bir ýylyň dowamynda limon hasylynyň 14 million tonna golaýy ýyglyp, sarp edilýär. Limon agajy gür şahaly hem-de gür ýaprakly bolansoň, olary ýygy ýagdaýda ekmek bolmaýar.

Limony saýlanyňda, onuň gabygynda hiç hili goňur tegmiller bolmaly däldir, şeýle-de olaryň ter görnüşini almaly. Sowuk uran limonda hiç hili peýdaly witaminleriň bolmaýandygyny unutmaň!

Şanyýaz BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň agroinženerçilik hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu