Sagdyn durmuşSlider

Sürgi ýagynyň peýdalary

28-11-2022 / 128

Çakjagunduz ýa-da sürgi (kastor) ýagy, adatça, iç gatamada ulanylýar. Ýöne ol gadym eýýamlardan bäri kosmetologiýada hem yzygiderli peýdalanylyp gelinýär. Ol derini arassalaýar, saçlaryň, kirpikleriň düşmeginiň, dyrnaklaryň port, döwülegen bolmagynyň öňüni almaga ýardam edýär, goňaklary aýyrýar. Şeýle maksatlar bilen sürgi ýagyny ulanmagyň birnäçe usullary bardyr:

  1. Ýagy biraz gyzdyryp, kelläniň derisine, saçlaryň ujuna we düýbüne çalmaly. Kellä sellofan haltajyk geýdirmeli we kelläni tüýjümek süpürgiç ýa-da ýüň ýaglyk bilen daňmaly. 45 minutdan soň saçlary şampun bilen ýuwmaly we çopantelpegiň gaýnatmasy garylan suw bilen çaýkamaly. 1 aýyň dowamynda hepdede 1 gezek sürgi ýagy çalnanda saçlar pugtalanýar, ösýär. 1 aýlyk arakesmeden soň bu çäräni ýene-de öňki tertipde ýerine ýetirmek mümkindir.

2.Sürgi ýagyny zeýtun ýagy bilen 1:1 (ýagly deri üçin) ýa-da 1:2 (gury deri üçin) gatnaşykda goşmaly. Garyndyny 5 minutyň dowamynda owkalaýjy hereketler bilen ýüzüň derisine çalmaly. Ýyly suwa öllenen süpürgiç bilen ýüzi büremeli. Sowandan soň süpürgiji aýryp, täzeden ýyly suwa öllemeli we onuň bilen ýüzi büremeli. Bu hereketi tä ýüzüň derisindäki ýag doly aýrylýança birnäçe gezek gaýtalamaly. Şondan soň ýüzi limon şiresiniň birnäçe damjasy goşulan suw bilen ýuwmaly. Bu çäre ýüzüň derisini arassalaýar, täzeleýär, ýüzdäki ýygyrtlary, tegmilleri, gara nokatjagazlary aýyrýar.

3.Gözleriň daş-töwereginde deride dörän maýdaja ýygyrtlary aýyrmak üçin gije ýatmazdan öň sürgi ýagyny barmaklaryň uçlary bilen çalaja kakyşdyryp, derä çalmaly. Ertesi irden deridäki ýagyň galyndylaryny ýuwup aýyrmaly. Bu çäräni 1 aýyň dowamynda günde 2-3 gezek gaýtalamaly.

4.Gaşlary, kirpikleri ösdürmek, pugtalandyrmak maksady bilen sürgi ýagyny 1 aýyň dowamynda her gün agşam, 1 aý geçenden soň bolsa hepdede 1-2 gezek ulanmak mümkindir. Ýüzüň derisini arassalandan soň biraz gyzdyrylan ýagy ýörite çotgajygyň kömegi bilen gaşlara we kirpiklere çalmaly.

5.Dyrnaklary pugtalandyrmak üçin ýagy biraz gyzdyryp, elleriň dyrnaklaryny oňa batyrmaly we 15 minutlap saklamaly.

Sürgi ýagyny ulanmaga garşy görkezmeler

Sürgi ýagyny lukmandan birugsat içmek maslahat berilmeýär.

Göwreli ýa-da çaga emdirýän aýallar, içege bozulmalary, içege geçirmezligi, pankreatit (aşgazanasty mäziň sowuklamasy) anyklanan syrkawlar, 3 ýaşa çenli çagalar bu ýagy ulanmaly däldir.

Sürgi ýagynyň artykmaç agramdan dynmak maksady bilen ulanylmagynyň bedeniň suwsuzlanmagyna getirip biljekdigini ýatda saklamaly.

Derisi ýagly adamlar sürgi ýagyny kosmetiki serişde hökmünde hepdede 2 gezekden artyk peýdalanmaly däldir. Munuň özi deri öýjükleriniň dykylmagyna, çybanyň çykmagyna getirip bilýär. Bu ýagy, hatda kosmetiki serişde hökmünde-de 1 aýdan köp wagtlap ulanmak maslahat berilmeýär. Ony 1 aý peýdalanandan soň 1-2 aýlap arakesme bermeli.

Şahzoda JUMABAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu