Sagdyn durmuşSlider

Ösümlik ýaglarynyň sagaldyjy täsirleri

26-11-2022 / 37

Ösümlik ýaglarynyň käbir görnüşleri bilen tanyşmak gyzykly we peýdaly bolsa gerek?! Dürli ösümlikleriň miwelerinden ýa-da gozalaryndan, ýapraklaryndan, şahalaryndan, baldaklaryndan, kökünden, tohumyndan alynýan ýaglaryň bedene sagaldyjy täsir edýändigine lukmanlar we tebipler gadym eýýamlarda üns berip başlapdyr. Ýaglaryň bu görnüşi bedende bolup geçýän tebigy hadysalara gatnaşyp, maddalaryň alyş-çalşyny kadalaşdyrmaga, beden ulgamlarynda ýüze çykyp bilýän dürli näsazlyklaryň öňüni almaga ýardam edýär, käbir kesellerde esasy bejerginiň täsirini artdyrýar.

Ösümlik ýaglarynyň mal ýaglaryndan ýene-de bir artykmaçlygy düzüminde holesteriniň saklanylmaýandygy bilen baglanyşyklydyr. Peýdaly häsiýetleri olary diňe bir iýmitlenişde däl-de, eýsem, immuniteti pugtalandyrmak, madda çalşygyny işjeňleşdirmek, toksiki maddalary endamdan daşary çykarmak, ganaýlanyşy gowulandyrmak, nerwleri köşeşdirmek, agyryny aýyrmak, allergiki täsirleri azaltmak, bedeniň agramyny kadalaşdyrmak, käbir keselleri bejermek maksady bilen lukmançylykda we halk lukmançylygynda, deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin kosmetologiýada ulanmaga mümkinçilik berýär.

Pihta ýagy. Uzak Gündogar sebitlerinde, Sibirde, Hytaýda, Mongoliýada ösýän ak pihta agajynyň şahalaryndan we gozalaryndan alynýan bu ýag bakteriýalara, wiruslara, kömelejiklere garşy hem-de dikeldiji, ganaýlanyşy gowulandyryjy täsire eýe bolan peýdaly organiki birleşmelere, fitonsidlere baýdyr. Onuň düzüminde bisabolen, sabinen, pinen, kamfen, limonen, terpinenler hem köpdür. Pihta ýagy immuniteti pugtalandyrýar, çişleri gaýtarýar, arterial gan basyşyny kadalaşdyrýar. Güýçli agyryny aýryjy häsiýete eýe bolan bu ýag artrozda we daýanç-hereket ulgamynyň beýleki kesellerinde, newralgiýada kömek edýär. Gormonlaryň öndürilişini işjeňleşdirýär, peşew-jyns ulgamynyň işine itergi berýär. Nerwleri köşeşdiriji täsiri ony dowamly nerw dartgynlygynda, streslerde, göwnüçökgünlikde (depressiýa), sussupeslikde, howsalaçyllyk ýagdaýlarynda üstünlikli ulanmaga mümkinçilik berýär. Pihta ýagy derini arassalaýar, çeýeleşdirýär, onuň maýyşgaklygyny (elastiklik) ýokarlandyrýar, deriniň üstki gatlagyny (epidermis) dikeldýär, ýygyrtlaryň döremegini bökdeýär, ýüzüň derisindäki düwürtikleri, ellerdäki, aýaklardaky gabarçaklary aýyrýar, saçlary pugtalandyrýar, olaryň goňaklamagynyň öňüni alýar. Bu ýag stenokardiýada, osteohondrozda, psoriazda, howply çişlerde esasy bejerginiň täsirini artdyrýar, dem alyş ulgamynyň näsazlyklarynda, ýiti respirator wirusly kesellerde peýdaly. Ony wanna kabul edilende suwa goşmak, owkalamada endama çalmak, bugundan dem almak arkaly ýa-da aromaterapiýada (ýakymly yslar bilen bejeriş) ulanmak maksada laýykdyr. Derman senagatynda pihta ýagyndan kamfora taýýarlanylýar. Näçe peýdaly bolsa-da, nädogry ulanylanda bu ýagyň bedene zyýan ýetirip bilýändigini ýatda saklamaly. Sap görnüşinde peýdalanylanda ol derini ýakýar. Şoňa görä bu ýagy suw bilen goşup ulanmaly. Saryny gaýnadýandygy, ýüregi bulaýandygy sebäpli ony (lukman tarapyndan bellenilmedik ýagdaýlarda) içmek hem maslahat berilmeýär. Bedeninde allergiki täsire meýillilik bar bolan adamlar, göwreli ýa-da çaga emdirýän aýallar, böwrek keselleri, başly ýaralar, gastrit anyklanan, epilepsiýa (garaguş) ýa-da myşsalaryň çekilme (sudoroga) tutgaýy bolan näsaglar pihta ýagyny ulanmakdan gaça durmalydyr.

Kädi çigidiniň ýagy. Ösümlik ýaglarynyň bu görnüşiniň düzüminde köp mukdarda biologiki işjeň maddalar: karotinoidler, tokoferollar, fosfolipidler, B1, B2, С, P, A, E witaminleri, linolen, olein, linol, stearin polidoýgun däl ýag turşulary saklanýar. Ol skleroza, zäherlenmä, gaýnaglama, başly ýaralara garşy hem-de gepatoprotektor täsire eýedir. Maddalaryň alyş-çalşyny işjeňleşdirmekde, bedeni zäherlerden arassalamakda, gaýnaglama hadysalaryny aýyrmakda, beden agzalarynyň funksiýasyny, dokumalary, nemli bardany dikeltmekde bu ýagyň deňi-taýy ýokdur. Peýdaly häsiýetleri ony bagryň zeperlenmelerinde, kesellerinde (gepatit, ýag gepatozy, sirroz), öt çykaryjy ýollaryň näsazlyklarynda (holesistit, holesistoholangit), erkeklik jyns mäziniň gaýnaglamasynda we adenomasynda, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň başly kesellerinde, gastritde, sary gaýnamada, deri kesellerinde (dermatit, psoriaz, süýjübaş, gerpes), gurçuk kesellerinde esasy bejerginiň täsirini artdyrmak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Artykmaç mukdarda we uzak wagtlap ulanylanda kädi çigidiniň ýagynyň bagra, öt çykaryjy ýollara agram salyp bilýändigini hem ýatda saklamaly.

Garpyz çigidiniň ýagy. Makro-mikroelementlere, ylaýta-da, sinke we selene, karotine, tokoferollara, С, PP witaminlerine, B witaminler toplumyna baý bolan garpyz çigidiniň ýagy böwrekleri arassalaýar, böwreklerdäki daşlary owradýar, peşew turşusynyň endamdan daşary çykarylmagyny tizleşdirýär, bedende turşulyk-aşgarlyk balansynyň (deňeçerlik) saklanylmagyny üpjün edýär, ýaralaryň, şol sanda ýanyk ýaralarynyň çalt bitmegine, deriniň täze döremeleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Bu ösümlik ýagyny ysytmada, gurçuk kesellerinde, Gün şöhlesiniň täsirine ýokary duýgurlykda ulanmak maslahat berilýär. Ol, şeýle hem saçlaryň düşmeginiň öňüni almaga, jahyllyk düwürtiklerini aýyrmaga kömek edýär. Deri kesellerinde, ýanykda deriniň zeperlenen meýdanlaryna garpyz çigidiniň ýagyny her 2-3 sagatdan bir gezek, jahyllyk düwürtiklerinde günde 2 gezek, saç düşmede hepdede 1 gezek (5-6 aýyň dowamynda) çalmak maslahat berilýär. Günde 1 gezek nahardan 30-60 minut öň bu ýagyň 1 çaý çemçesini içmek peýdalydyr. Ösümlik ýagy kabul edilenden soň dessine suw içmeli däldir.

Kädiniň, garpyzyň çigidiniň ýagyny işdäaçarlara goşmak hem mümkindir. Aşgazan-içege keselleri, ylaýta-da, daşly keseller anyklanan näsaglar ösümlik ýaglaryny lukman bilen maslahatlaşyp içmelidir.

Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu