Sagdyn durmuşSlider

Gündelik iýýän iýmitlerimize ünsli garalyň!

23-11-2022 / 14

Her bir adam gündelik iýýän iýmitlerine ünsli garamalydyr. Çünki ähli iýmit adam üçin peýdaly bolman, käbir iýmitleriň saglyga zyýanly täsirini ýetirýän halatlarynada duş gelmek bolýar. Şoňa görä saglygymyzy goramak üçin, peýdaly önümleri ulanmalydyrys.

Peýdaly önümiň düzümindäki witaminler we mikroelementler howply täze döremelere garşy göreşmäge ukyplydyrlar. Mysal üçin, beta-karotin diýen madda howply çişleriň öýjüklerine garşy göreşip bilýär. Bu madda hurmada, erikde, garalyda, pomidorda, käşirde köp saklanýar. A, С, E witaminleriň hem edil şunuň ýaly täsiri bardyr. Bu witaminler şugundyrda, ysmanakda, deňiz suwotularynda köp mukdarda saklanýarlar.

Gök önümler we miweler witaminlerden, mikroelementlerden başga-da ösümlik süýümlerine baýdyr. Ösümlik süýümleri zyýanly maddalary we kanserogenleri özüne birleşdirip, bedenden daşyna çykarmaga kömek edýärler. Şeýlelikde, olar içegede çiş keseliniň döremeginiň öňüni alýarlar.

Iýmitlenmäge degişli aşakdaky maslahatlara eýerseňiz, keselleriň öňüni almakda gowy netije gazanyp bilersiňiz:

— Gündelik iýmitiňizde hökman gök önümleriň we miweleriň bolmagyny gazanyň.

— Gündelik iýmitiňizde bitewi ýa-da üwelen et önümleriň azyndan 35 gram bolmagy zerurdyr.

— Gündelik iýmitiňizde ýagly, gowrulan, tüssä kakadylan et önümleriniň az bolmagyny, olaryň ýerine gaýnadylan, buglanan et önümleriniň köpräk bolmagyny gazanyň.

— Aşa gyzgyn, aşa duzly, aşa ajy önümlerden daşda duruň.

— Her bir adam iýmitinde miweleri, sogan, sarymsak, gök çaý, kakadylan miweler, süýt önümleri, deňiz önümleri, limon ulanmaly.

Hatyja ÖRÄÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu