Sagdyn durmuşSlider

HEREKET – ähli üstünlikleriň ilkinji açary

12-11-2022 / 11

Her  bir  ynsan, ýaşyna  garamazdan, hereketde bolmalydyr. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Bu hereketler dürli maşklary, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika, aerobika bilen meşgullanmak ýaly görnüşleri öz içine alýar.

Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukuplylygy, adamyň immunitetini berkidýär. Ýokarda agzalan dürli görnüşdäki hereketleriň  hersiniň öz aýratyn täsiri bardyr. Tigir sürmeklik dem alyş agzalarynyň işini, gan aýlanyşy kadalaşdyrýar hem-de tutuş bedeniň, aýak myşsalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Pyýada ýöremek beden we ruhy sagdynlyk üçin iň ýakymly we peýdaly maşkdyr. Bu maşk kaloriýanyň yzygiderli harçlanmagyna hem ýardam berýär. Ýöreýşiň depginini özüňizi duýuşyňyza laýyklykda saýlaň. Haýal we çalt ylgawyň utgaşdyrylmagy ýürek üçin has peýdalydyr. Iş gününiň ahyrynda döreýän dartgynlylygy aýyrmak üçin 30 minutlap ylgamak ýeterlikdir. Adam ylgaw bilen yzygiderli meşgullansa, ýürek, gandamar, dem alyş, nerw we beýleki agzalary sazlaşykly işleýar. Haýal ylgaw bolsa, beýniniň işini gowulandyrýar, ýadawlygy aýyrýar.

Her bir adam sportuň özüne laýyk gelýän görnüşini saýlap, onuň bilen saglygyna peýdaly hem göwnüne ýaramly derejede meşgullanyp biler. Eger-de adam beden taýdan taplanan, türgünleşiklere uýgunlaşan bolsa, il arasynda aýdylyşy ýaly, saglygyňa saglyk goşýar.

Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, adamyň saglygyny berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de, bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanşy sazlaşdyrýar.  Fiziki maşklary ýerine ýetirmek ýaly endikler bedeniň, aýratyn-da, el hem aýak çiginleriniň tiz berkemegine kömek edýär. Dogry dem almagy, beden ukybynyň başarjaňlygyna görä hereket etmegi öwredýär. Mundan başga-da, saglygy berkitmekde, ýürek-damar, dem alyş, gan aýlanyş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrmakda, dürli keselleriň öňüni almakda, daýanç hereket ediş ulgamyny berkitmekde peýdalydyr. Adamyň bedeniniň fiziki taýdan taýýarlygyny üpjün edýän hereketleri ýerine ýetirmegiň ähmiýeti aýratyndyr. Suwda ýüzmek, suw gimnastikasy hem hereketliligiň naýbaşysydyr.

Adam saglygynyň berkemegini, işe ukyplylygyny, şähdaçyklylygyny, syratlylygyny taplaýan hereketler saglygyň özenidir. Ähli üstünlikleriň ilkinji açary bolsa berk jan saglykdadyr!

Ýusup METDAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji NGDSG hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu