Üzüm-süýji we kuwwatlygy ýokary bolan azyk önümdir. Zähmetden, paýhasdan we Günden dörän bu ajaýyp miweleri halamaýan adam ýok bolsa gerek. Üzümiň iň gowy tarapy adam bedenine oňaýly täsir edýänligidir. Şol sebäpden ol adam bedeniniň kuwwatynyň gözbaşy hasaplanýar.
Görnüşine we ösen şertlerine baglylykda üzümiň miwelerinde 14-25 göterim ereýän we bedende ýeňil özleşdirilýän şekeriň görnüşi bolan glýukoza we fruktoza bar. Bulardan başga-da onuň düzüminde biraz saharoza, rafinoza, ksiloza we beýleki şekerler we şeker meňzeş maddalar bar. Üzümiň düzümindäki bu maddalar adam bedeniune ýaşaýyş üçin zerur gerekli maddalardyr. Mysal üçin, glýukoza üzüm iýlende adam bedenine baryp, ol tiz wagtdan gana geçýär. Şol sebäpli energiýanyňköp sarp edilmeginiň öwezini ganyň üsti bilen üznüksiz iýmitiň ýetirilip durmagy dolýar.
Üzümiň däneleri hem peýdaly bolup durýar. Onuň däneleriniň düzümine etini, gabygynyň galyňlygyny, ysyny, tagamyny, reňkini şertlendirýän ýüz elliden gowrak düzüjiler girýär. Üzümiň dänelerinde özüne çekiji owadanlyk, ýokary tagmlylylyk, berhizlik we bejeriş häsiýetler örän gowy sazlaşýar. däne näçe uly bolsa, şonça onuň şonçada petkin maddalary kän bolýar. Petkinler bolsa öz gezeginde şöhleden we zäherlenmä garşy ukybynyň barlygy üçin bedeni radioaktiw elementlerden hem-de beýleki toksinlerden goraýar.
Üzümiň şiresinde bolsa adamytň kadaly ýaşaýşy üçin gerek bolan minerallar we mikroelementler bar. Ýagny, kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, marganes, alýuminiý, şeýle-de anionlardan- fosfor, kükürt, kremniý, hlor kän. Bu maddalar bedene oňat fiziologiki täsirini ýetirýärler. Olaryň hasabyna bedende edil şolar ýaly elementleriň täzelenişi we üstüniň dolmagy amala aşýar. Bu öz gezeginde madda çalşygyna oňaýly täsir edýär. Şeýle-de üzümiň şiresinde demriň duzlary hem bar. Olar gyzyl gan bedenjikleriniň emele gelmegine işjeň ýardam edýär.
Üzümiň bejeriş we berhizlik häsiýetlerinden başga-da örän güýçli antiseptiki täsiri bar. Ol birnäçe kesel dörediji ýokançlaryň öňüni alýar. Üzüm ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, bagryň sirrozyny, könelişen gepatiti, dem alyş ýolllarynyň sowuklamasyny, bogun agyryny bejermekde örän haýyrlydyr. Bu tagamly miwe beýnini rahatlandyrmagada uly täsirini ýetirýär. Üzümi yzygider iýýän adamyň ryhy hemişe sagdyn, wagty hoş bolýar.
Nigara BERDIÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.