Sagdyn durmuşSlider

Dyrnaklaryňyz sagdynmy?!

31-10-2022 / 13

Dyrnaklaryň ýukalmagy, owranmagy, döwülmegi ýa-da tersine galňamagy olaryň görküni gaçyrmak bilen bir hatarda bedende haýsy-da bolsa bir näsazlygyň ýüze çykandygyny aňladýar.

Mysal üçin, bedende bir ulgamyň işi bökdelende, dyrnaklar port, döwlegen, büdür-südür bolýar. Hatda onuň reňki hem sagdyn dyrnaklardan üýtgeşik bolýar. Şol sebäpden dyrnaklara üns berip, saglyk ýagdaýymyzy barlatmagymyz zerur.

Dyrnaklary keratinleri işläp çykarýan öýjükler topary emele getirýär. Keratiniň ýeterlik mukdarda işlenip çykarylmagy ähli beden agzalarynyň kadaly we sazlaşykly işlemegi üçin möhüm bolup durýar.

Dyrnaklaryň sagdyn ösmegi üçin adamyň dogry iýmitlenmegi zerurdyr. Çünki dyrnak plastinalarynyň emele gelmegi üçin beloklar, ýokumlar, esasan hem, B ýokumlar toplumy, bökdençsiz ösmegi üçin bolsa magniý gerekdir. Önümleriň juda az görnüşleriniň iýlip-içilmegi bedende maddalaryň ýetmezçiligini ýüze çykarmak bilen beýleki beden agzalary bilen bir hatarda dyrnaklaryň hem näsazlyklaryna sebäp bolýar. Olar gat-gat bolýar, ösüp, derä çümýär. Haçan-da bedene demir ýetmezçilik edende, dyrnaklar agymtyl öwüşgine eýe bolýar. Bu ganazlygyň alamatydyr.

Dyrnaklar galňap, saralyp, gatlak-gatlak bolup owralanda, bedende deri keseliniň dörändigi, ýagny, kömelejikli ýokançlaryň bardygy güman edilýär. Bu ýagdaýda wagt ýitirilmän, deri keseller lukmanynyň bejergisi alynmalydyr.

Aýal bedenindäki üýtgemelerde bolsa dyrnaklar döwlegen bolýar. Estrogen kadaly ýagdaýda bolmadyk mahaly dyrnaklar, saçlar port bolýar, döwülýär.

Taýýarlan: Aýjemal AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu