Geliň, kompýuterden dogry peýdalanmagyň düzgünlerine seredip geçeliň!
Ilki bilen personal kompýuteriň ýerleşdiriljek stolyny saýlap almaly. Ýagny stol kompýutere niýetlenen bolmaly. Onuň beýikligini üýtgedip bolar ýaly ýörite gurluşlaryň bolmagy gerek. Şeýle-de onda ýerleşjek monitoryň we klawiaturanyň ýerleşiş beýikligi üýtgedilip bilinmeli. Esasanam, monitoryň ýalnyş ýerleşmegi kelle agyrynyň, boýun agyrynyň peýda bolmagynyň sebäpkäridir. Ýagny monitoryň ýalňyş ýerleşmegi bilen biz buýun, oňurga myşsalarynyň hemişe dartgyn ýagdaýda saklaýarys. Netijede, boýnumyzda we oňurgamyzda agyrylar ýüze çykýar. Kiçi ýaşly çagalaryň bedenleriniň bolsa ýalňyş ösmegine getirýär. Geliň esasy üns berilmeli 5 ýagdaýa, kompýuterden peýdalanmagyň dogry endiklerine seredeliň!
- Arkamyzy hemişe dik saklamak. Ýagny otyrgyçda hemişe dik oturmagy ünsde saklamak we endik etmek gerek. Munuň üçin oturýan otyrgyjymyzyň arkasy dürli ýapgytlyklara sazlap bolýan görnüşde bolmaly. Ýagny ol oturgyçda oturjak adamlara görä ýapgytlygy sazlanyp bilinmeli. Şeýle-de ol, esasanam bilimiziň aşaky bölegini dik saklamaga ýardam etmeli, şol bir wagtda erkin hereket etmegimize mümkinçilik bolmaly. Ýagny jalbarymyzyň arka jübüsindaki gapjykdyr, ýazgy depderçelerimizi jübümizden çykaryp otu Sebäbi bykynymyzyň gönüburç (900 gradus) burç astynda eplenmegine hiç hili päsgelçilik bolmaly däl. Arka myşsalarymyzda, bykyn myşsalarymyzda dartgynlyk ýüze çykmaly däl.
- Omzymyz erkin ýagdaýda bolmaly. Tirseklerimiz 900 gradus astynda enlenen bolmaly ýagny göni burç astynda eplenen bolmaly. Ellerimizi klawiatura goýanymyzda omzymyza hiç hili dartgynlyk döremeli däl we ellerimize göwrämiziň agramynyň ýüki düşmeli däl. Bu ýagdaý gan aýlanyşygyň kadaly bolmagyny üpjin edýär. Şonuň üçin kompýuterde işlemäge niýetlenen otyrgyjy alanymyzda onuň tirsekçelerine üns bermeli. Sebäbi ýokardaky ýagdaýlary göz öňünde tutsak otyrgyjyň tirsekçesine ellerimizi goýanymyzda omzymyz ýokary galmaly däl.
- Kelläniň ýagdaýy. Kellämiz hemişe dik we göni ýagdaýda bolmaly. Monitory we işlejek dokumentlerimizi ýakyn aralykda ýerleşdirmeli. Ýagny olar bilen işlenilende kellämiz dürli taraplara gaty aýlanmaly däl. Eger kellämizi bu ýagdaýda ýerleşdirmesek boýnumyzda, arkamyzda, omyzlarymyzda, bilimizde agyrylaryň ýüze çykmagyna getirer.
- Göz bilen monitiryň aralygy. Gözümiz bilen monitoryň arasyndaky uzuklyk bolsa 70-75 sm bolmaly. Ýagny şol uzaklyk elimizi monitora uzadanymyzda barmaklarymyz monitora degmejek uzaklyga deň bolmaly. Bu uzaklygy uzyn görmegiňiz mümkin emma gözimiziň saglygy üçin şu uzaklykdan monitora seretmeli. Monitoryň ýokarky gyrasynyň beýikligi bilen gözüň beýikligi deň derejede bolmaly. Şeýle-de otagdaky ýagtylyk çeşmesi, monitoryň ekranyndan serpigip okamagymyza päsgelçilik döretmekjek ýagdaýda ýerleşdirilmeli. Her 15-20 minutdan gözlerimizi ekrandan aýyryp, 2-3 minutlyk alysdaky obýekte seretmeli. Bu ýönekeý maşk gözimiziň saglygy üçin möhümdir.
- Aýaklarymyzyň ýagdaýy. Uzak wagtlaýyn hereketsiz otyrmak aýaklarymyzdaky gan aýlanyşy peseldýär. Munda otyrgyjymyzyň ýymşak bolmagynyň ähmiýeti örän ulydyr. Aýagymyzy dogry ýerleşdirmek üçin dyzlarymyzy göniburç (900 gradus ) astynda eplemeli, dabanymyzyň üst ýüzi doly ýere degip durmaly. Muny sazlamak üçin aýagymyzyň aşagyna gutujyk ýerleşdirilip bilner.
Şeýle-de kompýuterden peýdalananymyzda üznüksiz iki sagatdan köp işlemek bolmaz, ondan soň 15-20 minut dynç almak maslahat berilýär. Ýagny ýönekeýje maşklary ýerne ýetirmek gan aýlanyşygyny kadalaşdyrar.
Ýokarda agzalan ýönekeý şertleri hemişe ünsde saklamagymyz, kompýuterden dogry peýdalanmagymyzy üpjün eder.
Şahzada JUMABAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.