Sagdyn durmuşSlider

Güller — ýaşaýşyň bezegi

21-10-2022 / 15

Güller özüniň owadanlygy bilen durmuşymyza gözellik berýär. Haçan-da gülleri göreniňde, göwnüň açylyp, ýüregiň giňäberýär. Diýmek, güller diňe bir tebigata bezeg bermän, ynsan saglygyny ruhy taýdan bejeriji häsiýete hem eýedirler.

Güller näsagyň energetiki ulgamyna täsir edip bilýän güýçli biomeýdana eýedir. Olar edil beýleki ösümlikler ýaly energetiki ulgamy emele getirýän Älemiň bir bölegi bolup, ösýän wagtynda energiýa toplaýarlar. Kesilip ýa-da ýolnup alnandan soň, solup barýarka, özündäki energiýany daşky gurşawa geçirýärler. Şeýlelikde Älem giňişligini deňagramlaşdyrýarlar. Güller adamlaryň arasynda ruhy sazlaşygy üpjün edýärler.

Güller bilen bejerişde gülüň görnüşi ýüze çykan kesele ýa-da näsazlyga laýyklykda saýlanylýar. Sebäbi her bir ösümligiň, şol sanda gülleriň hem dürli görnüşiniň öz energetikasy bolup, olaryň ysy, reňki uly ähmiýete eýe bolup durýar. Çalaja ysly ýa-da düýbünden ysy bolmadyk gyzyl güller içki agzalaryň kesellerine, güýçli ysly sary güller ýokanç kesellerde, yssyz ýa-da çala duýulýan ysly ak güller ruhy bozulmalarda kömek edýär.

Bejerişiň birinji tapgyrynda ýekeje gül ulanylýar. Ol ynsanyň dünýäsine ýol açýan energetik açar bolup durýar. Adamyň gowşan energetiki deňagramlygy kem-kemden açylsa gowy. Ýetişen güller bolsa birdenkä kuwwatly energiýa akymyny çykarmak bilen oňa güýçli täsir edýär. Şonuň üçin bejerişde ulanmak niýet edilýän ilkinji güli gunçalygyna bermek maslahat berilýär. Gunçany syrkawdan 1 metrden uzak bolmadyk ýerde onuň gözüne görnüp durar ýaly ýerde ýerleşdirmeli. Näsag gunçanyň açylyşyny we solşuny görmelidir. Eger şondan soň onuň ýagdaýy gowulaşmaýan bolsa, onda onuň gapdalynda birinji gunça bilen reňkdeş gunça goýulýar.

Selbi HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu