Sagdyn durmuşSlider

Maşgalada ruhy sagdynlygy nädip gazanmaly?

17-10-2022 / 13

Adam durmuşynda adamlar bilen gatnaşyklaryň endige öwrülendigini, özüniň- endiklere baglydygyny duýýar. Durmuşyň her bir döwründe başarjaň adamalara akylly-başly bolup ogul-gyzlaryna guwanyp, agtyklaryny söýüp ýaşamak bagty garaşýar. Jemgyýetde öz ornuny tapan adamlaryň hünär öwrenmegi, maddy we ruhy taýdan kanagatlandyrýan iş bilen meşgullanmagy, maşgala gurmagy, özüniň ukybyny, zehinini, saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, sepgitlere ýetmegi göräýmäge ýönekeý ýaly.

Maşgala bolmak, öý tutmak, nesil öndürmek ynsan ömrüniň iň bagtly pursatlary. Maşgala – mukaddesdir. Bu mukaddesligi aýap saklamaly. Maşgala durmuşyny sagdyn alyp barmak bagtly durmuşa ýetirýär.

Her bir sagdyn maşgala döwletimiziň baýlygy. Adam kesellerden goranyp, sagdyn ýaşap hem-de sagdyn nesilleri terbiýelemelidir. Munuň özi nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagyň endiklerini we başarnyklaryny terbiýelemäge, geljekde ilatyň arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüni almaga amatly şertleri döredýär.

Adam sagdyn nesil barada alada etmelidir. Ene-ata bolmaga taýýarlanýan raýatlar ilki saglygyny barladyp, özünde bar bolan keselleri bejerip, zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerse dünýä injek perzentler sagdyn bolar.

Maşgala gurmak, çagany dünýä indirmek, ene-atanyň mähir-muhabbeti, söýgüsi bilen gurşap ulanmak – her bir maşgalanyň tebigy borjy. Her bir maşgala sagdyn nesliň akylly-paýhasly, edep-ekramly, halal hem päk ahlakly, asylly, göreldeli, bagtly adamlar bolup ýetişmegini isleýär. Muny gazanmak üçin çagany öz bolşunda kabul etmegi başarmagy, çagaňa düşünmeli. Çaga bilen gatnaşyklar onuň isleglerinden ugur almak bilen sazlaşykly bolmaly.

Ähli hoşniýetli gatnaşyklaryň esasynda söhbetdeşiňe düşünmek ukyby ýatyr. Birek-biregi ýakynlaşdyrýan sabyr-takatly, duýdansyzlyk bilen diňlemek başarnygy uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Maşgala durmuşynda bilelikde ýaşap ýören är-aýal kemsiz öwrenişýär, birek-birege düşünip agzybirlikde, edepli-ekramly gatnaşyklarda sagdyn nesil öndürmegi, sagdyn çagalary ösdürip ýetişdirmegi arzuw edýär.

Sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde görkezýän göreldesi, olaryň öz çagalarynda keselleriň öňüni almaga hemaýatly endikleri, bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda bedenterbiýäni we sporta söýgini terbiýelemek ähmiýete eýe bolup durýar. Gowy dynç almak, turaňda şähdaçyk bolmak we ertirki işlerine doly ýetişmek üçin irräjik ýatyp, ir turup, maşklary ýerine ýetirip, arassa howada gezmeläp, soň suwa düşüp, özüňizi tertibe getirmeli. Şu endikleri çagalara-da öwretmeli. Olar ertirine öz wagtynda turup, maşgalanyň beýleki agzalary bilen bile ertirlik edinmäge ýetişmeli we endik etmeli. Ýokarda agzalanlary ýerine ýetirseňiz siziň şähdaçyklygyňyz, iş başarjaňlygyňyz, gujurlylygyňyz uzak wagtlap bir bol’unda saklanar.

Bedenterbiýe we sport bilen maşgala bolup meşgullanmak bolsa maşgala agzalarynyň sagdyn bolmagyna, agzybirligiň, ruhubelentligiň höküm sürmegine itergi berýär. Bu bolsa, döwletlilikden nyşandyr, rysgal çeşmesidir. Her bir maşgalanyň sagdynlygy – jemgyýetiň sagdynlygydyr. Jemgyýetimiziň sagdynlygy bolsa döwletimiziň abadanlygydyr.

Nurmuhammet MUHAMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu