Sagdyn durmuşSlider

Balaryçylyk — düşewüntli pudak

15-10-2022 / 12

Balarylary adamzat durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olaryň öndürýän önümleri — bal, mum, ýelim, gül tozanjyklary, balary zäheri (apitoksin) durmuşda giňden ulanylýar we ynsan üçin iň zerur önüm bolup hyzmat edýär.

Balarylaryň oba hojalyk ösümliklerini garşylyklaýyn tozanlandyrmakda we olardan ýokary hasyl almakda ähmiýeti uludyr. Balarylaryň kömegi bilen, miwe we bakja ekinleriniň hem-de ot-iýmlik ösümlikleriň hasyllylygyny 4 — 7 esse artdyryp bolýar.

Balarylar bir gektar gülleýän gowaça meýdanyndan 100 — 300 kilograma çenli bal toplamaga ukyply. Olar pagtany garşylyklaýyn tozanlandyrmak netijesinde onuň hasyllylygyny 40 — 60 göterime çenli ýokarlandyrýarlar.

Düzüminde fermentleriň saklanyşy boýunça ary baly beýleki iýmit önümleriniň arasynda ilkinjileriň hataryna girýär. Onuň düzümine kalsiý, natriý, kaliý, magniý, demir, mis, fosfor, kükürt, ýod duzlary girýär. Mundan başga-da, ary balynda köp sanly organiki turşulyklar (alma, limon, şawel, süýt), beloklar we biogen (bedeniň ýaşaýyş işjeňligini ýokarlandyrýan) maddalar saklanýar.

Balarylaryň öndürýän mumy çylşyrymly madda bolmak bilen, onuň düzüm gurluşynyň syrlary häzirki döwre çenli hem doly açylmady. Mumuň düzümine on bäşden gowrak himiki maddalar, çylşyrymly efirler, biratomly spirtler, ýag turşulyklary we doýan uglewodlar girýär. Mumda reňk we hoşboý ys berýän reňkleýji hem-de ys beriji maddalar bolýar. Mum adamzat durmuşynda gadym döwürlerden bäri giňden ulanylyp gelnipdir. Häzirki döwürde mum lukmançylykda dürli derman serişdeleri, melhemleri, iýmitlendiriji, ýumşadyjy ýaglary taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu