Bu usul üçin dermanhanadan aktiwleşdirilen kömür dermany satyn alyň. Ony un görnüşine gelýänçä owradyp, diş çotgaňyza sepiň. Soňra 3-5 minut dowamynda aýlanýan görnüşdäki hereketler arkaly dişiňizi arassalaň. Bolanyňyzdan soň agzyňyzy suw bilen gowy edip ýuwuň. Netijede bolsa, dişleriňiz merjen ýaly ap-akja görnüşe geler.
Mundan başga-da, aktiwleşdirilen kömür dişler ýüzündäki bakteriýa, toksin we reňk beriji pigmentleri özüne siňdirip alyp, olary organizmden hiç-hili zyýansyz çykaryp goýberýär.
Bu ýagdaýy her gün säher bilen gaýtalap durmak gerek.
Ýulduzhan NARMETOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.