Howa, suw, iýmit ýaly adamyň ýaşaýşy üçin wajyp zatlaryň biri-de ukudyr. Sagdyn uky adama diňe bir dynç bermek bilen çäklenmän, eýsem, günüň dowamynda kabul edilen maglumatlary, wakalary, şeýle hem ýatlamalary seljermäge ýardam edýär. Biz gündelik durmuşda ruhy we fiziki taýdan ýadaýan wagtlarymyz bolýar, käbir beden agzalarymyzda agyrylar hem döräp bilýär, sagdyn uky bolsa şeýle säwlikleri ýeňip geçmäge ukyplydyr. Sagdyn uklamak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek saglygymyzy goramak üçin örän ähmiýetlidir. Internet çeşmeleri arkaly taýýarlan maglumatlarymyzy dykgatyňyza ýetirýäris.
Şol bir wagtda uklamak we oýanmak sagdyn ukynyň ilkinji düzgünidir. Bu ilki kyn ýaly görünse hem wagtyň geçmegi bilen endige öwrülýär. Netijede, siz uky wagtyňyzy gözegçilikde saklap bilersiňiz. Ýatýan otagyňyzyň we ýeriňiziň garaňky, ümsüm, salkyn we ýakymly bolmagyny gazanyň. Ýatylýan otagda elektronika enjamlarynyň işläp durmagy ukyny bozup bilýär. Şonuň üçin artykmaç goşlardan saplanmak oňat netijeleri berýär.
Sagdyn durmuş ýörelgesi, sport bilen meşgullanmak, fiziki zähmet sagdyn uklamagyň esasy şertleridir. Hünärmenleriň bellemegine görä, uklamazdan öň ýarym sagat arassa howada gezelenç etmek, ýeňil maşklary ýerine ýetirmek bedeni uka taýýarlap, onuň talabalaýyk bolmagyny üpjün edýär. Ukudan öň kitap okamak, ýeňil sazlary, aýdymlary diňlemek, ertiriň gün tertibini düzmek peýdaly täsir edýär.
Ukudan öň artykmaç iýmitlenmek, kän suw içmek maslahat berilmeýär. Iýmit ýatmazdan 2-3 sagat öň kabul edilmeli. Gatyk, limonly, gök otly, ary baly goşulan çaý we ş.m peýdaly içgiler uka kömek edýär. Hünärmenler adamyň ömrüniň üçden bir bölegini ukuda geçirýändigini belleýärler. Uky iki tapgyrdan ybarat. Olaryň hersiniň özüne mahsus aýratynlyklary bar:
- Çalt. Onuň dowamlylygy 15-20 minut. Ol ýürek urşunyň ýokarlanmagy, göz hereketleriniň tizlenmegi, merkezi nerw ulgamynyň işjeňleşmegi, basyşyň we bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, şeýle hem düýşleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.
- Haýal. Takmynan, 1,5 sagat dowam edýär we 4 basgançakdan ybarat bolýar. Onda myşsalar gowşaýar, gan basyşy peselýär, dem almak has seýrek we çuň bolýar, göz hereketleri togtadylýar. Uky döwründe adam düýş görmeýär we bedeniň ýaşaýyş güýçleri dikelýär.
Uky ýetmezçiligi bedende dürli kemçiliklere — ýadyň peselmegine, ünslüligiň gowşamagyna, emosional bozulmalara, gaharjaňlyga, ýadawlyga, ysgynsyzlyga, garramak prosesiniň tizleşmegine, semizligiň ýa-da aşa horlugyň döremegine we başga-da dürli ýaramaz ýagdaýlara sebäp bolup bilýär.
Hünärmenler sagdyn ukynyň 7-9 sagat aralygynda bolmalydygyny belleýärler.
Ogulmaral ÝALKAPBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.