Sagdyn durmuşSlider

Üzüm şiresiniň peýdasy

29-09-2022 / 9

Üzüm we onuň häsiýetleri adamzada öňki döwürlerden bäri bellidir. Üzüm gadymy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýändigine garamazdan,    onuň miwesiniň gelip çykyş taryhy köp adamlara nämälimdir. Üzüm ilkinji gezek meşhur Ararat daglarynda ösdürilip ýetişdirilipdir we şol ýerler üzümiň ajaýyp görnüşleri bilen henizem meşhurdyr.

Üzüm şiresi bedeni dogry äheňde saklamaga kömek edýär, immun ulgamyny güýçlendirýär, nerw ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar, tükenen wagty ýitirilen güýji çalt gaýtaryp berýär. Düzüminde kaliýniň köplügi sebäpli ýürek üçin peýdaly hasaplanýar. Lukmançylykda üzüm suwunyň şeýle häsiýetlerine ýokary baha berilýär.

Esasan hem üzüm şiresi Gut, Gipertoniýa, öýken, böwrek, bagyr ýaly keseller üçin içilýär. Şeýle-de gandaky şekeriň mukdaryny peseltmäge ýardam berýär. Üzüm şiresi beloklary, iýmit süýümini, organiki kislotalary öz içine alýar. Hatda sagdyn ýaglar hem bar we düzüminde köp mukdarda suw saklaýar. Şiräniň düzüminde iň ýokumly witaminleriň biri askorbin kislotasydyr. Adamdaky gany täzeleýär, wirus keselleriniň öňüni alýar.

Üzüm şiresiniň düzümindäki şeker onuň görnüşine baglylykda 30%-den-  20% -e çenli üýtgäp bilýär. Ol iç gatamanyň öňüni almaga, agyrlyk duýgusyny aýyrmaga, agyryny azaltmaga, işdäňi gowulaşdyrmaga ýardam berýär. Içegelerde spazm ýüze çykan halatynda üzüm şiresi onuň işini gowulaşdyrýar, iýmit siňdirilmegine, ýalta içegeleriň işlemegine kömek edýär. Netijede iýmit siňdirişi gowulaşdyrýar.

Oguljemal BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu