Ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasaty Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap alnyp barylýar.
Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygy, adam hukuklarynyň giň möçberli ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol durmuş taýdan adalatlylygy üpjün etmegiň şertleriniň biridir. Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasyny ykrar etmek arkaly halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, Türkmenistan adam hukuklary hakyndaky esasy halkara namalaryna, şol sanda aýallaryň hukuklary hakyndaky jarnamalara we konwensiýalara goşuldy.
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we olaryň erkekler bilen hakykat ýüzünde deňhukuklygyny üpjün etmek boýunça amatly şertler döredilendir. Ol döwlet syýasatynda öz wajyp beýanyny tapdy. Türkmenistan Zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýany we onuň Fakultatiw Teswirnamasyny tassyklady, şeýle-de halkara resminamalaryň köpüsini, has takygy, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara pakty; Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýany; Gynamalara we çemeleşmegiň hem-de jezalandyrmagyň rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän görnüşlerine garşy Konwensiýany, Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany; Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýany tassyklady.
Gender deňligini üpjün etmek we ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-siniň biri bolup durýar. Aýallar hakynda döwlet aladasy jemgyýetiň sagdynlygynyň, onuň ynsanperwerliginiň we ahlaklylygynyň alamatydyr. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda zähmet çekýänleriň ýarysy aýallardyr. Munuň özi olaryň zähmete bolan konstitusion hukugyndan doly derejede peýdalanýandyklaryny aňladýar. Aýallar ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ylym we bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda mynasyp orny eýeleýärler, öz işlerini giňişleýin we işjeň ýaýbaňlandyrýarlar.
Aýallaryň we erkekleriň deňhukuklygy adam hukuklarynyň giň möçberli ulgamynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň 29-njy maddasyna laýyklykda: “Türkmenistan erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr” diýip bellenilýär.
Türkmenistanda zenanlarymyza uly hormat goýulýar, hormatly Prezidentimiz zenanlary Watanymyzyň buýsanjyna, ojaklarymyzyň mukaddesligine deňeýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyň sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylmagy, şeýle-de köp ýyllap halal zähmet çeken zenanlarymyzyň “Zenan kalby” diýen orden bilen sylaglanylmagy, çaga dogulanda birwagtlaýyn we 3 ýaşyna ýetýänçä döwlet kömek pullaryny bermek hakynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur ynsanperwerlik çözgüdi eziz enelerimiziň göwnüni joşdurýar.
Ogulnur AHMETJANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.