Sagdyn durmuşSlider

Beýiklige çykmagyň saglyga edýän täsiri

25-09-2022 / 10

Tebigatyň kynçylyklaryndan gorkmaýan syýahatçylar adamlaryň entäk görmedik ýerlerine barýarlar, dürli gowaklara girýärler we beýik depelere çykýarlar. Ýöne käwagt bu ýerlerdäki şertler ynsan bedeni üçin kynçylyk döredýär.

Deňiz derejesinden ýokary 1524 – 3505 metr aralykdaky beýiklik eýýäm ýokary hasaplanýar. Köp syýahatçylar bu beýiklige ýetende özüni erbet duýup başlaýarlar. Olar basyşyň üýtgeýändigini bilýärler we olaryň demi gysylyp başlaýar. Bu çyndanam atmosferiki basyşyň ýetmezliginden döreýär. Bu beýikliklerde howa molekulalary has köp ýaýraýar. Şol sebäpli dem alanda gelýän kislorodyň mukdary azalýar. Netijede ýürek çalt urup başlaýar. Bu beýikliklerde howanyň çyglylyk mukdary hem azalýar. Şonuň üçin bedenimizdäki suwlar has çalt bugaryp başlaýar we ysgynymyzyň gaçmagyna sebäp bolýar.

Eger sizde ukysyzlyk bar bolsa, onda beýiklige çykanyňyzda siziň ýagdaýyňyz has erbetleşip biler. Mundan başga-da keýpiň üýtgemegi, kelle agyry, işdäniň ýapylmagy we ýürek bulanma ýaly simptomlara sebäp bolýar.

Akgül SABYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu