Sagdyn durmuşSlider

Gündizki ukyny ýeňmek

Kofe we energiýa beriji içgileri içmezden, neneň ukudan açylyp bolar?

21-09-2022 / 22

Günortanlyk ýakynlaşyp gelýär. Günortanlyk nahar hem taýyn, wagt bolsa öz akymyna geçip bardygyça, siziň gözüňiz kem-kemden ýumulyp başlaýar. Şol pursatda siz kofe, energiýa beriji ýa-da şekerli içgileri içýärsiňizmi? Ýa-da siz has tebigy usullardan peýdalanmagy saýlaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, biz size gündizki ukusyzlygy ýeňip geçmeklik üçin hiç hili içgiden peýdalanman, uzakly gün oýa bolmagyňyza kömek etjek birnäçe usullar bilen tanyş etmekçi.

  1. Daşary çykyň we hereket ediň!

Eger-de siz stoluň başynda köp işleýän bolsaňyz, ukudan açylmaklygyň iň gowy usuly, daşky gurşawyňy üýtgetkemdir. Daşary çykyp 10 minut ýaly gezelenç ediň. Eger-de siz içerde bolup kompýuteriň ýa-da telefonyň ýanyndan aýrylyp gaýdyp bilmeýän bolsaňyz, onda ýeriňizden turup otagyň içinde biraz gezmeläň. Özüňizi ruhlandyryp bir aýdymjyk açyp az salym tans ediň. Herekediň netijesinde siziň myşsalaryňyza we beýnileriňize kislorod barar hem-de şokolad iýip energiýa alanyňyza garanyňda sizi has köp wagtlap oýa saklar.

  1. Biraz salym irkiliň!

Öňler iş wagty ýatmaklyk gadagan edilýärdi, ýöne indi başlyklar hem ukynyň wajyplygyna düşünýärler. Şonuň üçin, eger mümkin bolsa yuwaşja bir ýer tapyň-da (ýa-da stoluň üstünde kelläňi goýup ) 15-20 minut irkilip kelläňize dynç beriň. Irkilmekligiň adamyň kellesini durlaýandygy köp barlaglar netijesinde subut edildi. Ýöne köp irkilip galmaklyk hem maslahat berilmeýär, çünki köp wagtlap irkilip ýatyp galmaklyk adamyň agşamky ukusyny hem bozup bilýär.

  1. Suw içip geziň we sagdyn iýmitleniň!

Suwsuzlyk ýadawlyga getirýär, şonuň üçin hökmany suratda düzüminde suwuklygy köp bolan ir-iýmişleri iýmekligi göz öňüne tutuň. Käbir adamlara bolsa, tersine, gury iýtmitlerden gäwşemeklik kömek edýär. Eger-de siz hem şol adamlaryň biri bolsaňyz, onda sagdyn iýmitlerden gäwşemekligi ýatdan çykarmaň! Şekerli, sowuk naharlar size basym energiýa berer, emma şekeriň enregiýasy bedeniňde siňip başladygyça, peselip başlar. Şonuň üçin size iň köp peýda berjek hoz, maňyz, gatyk, gaýmak, kakadylan ir-iýmişler ýaly zatlar bilen gäwşemeklik has gowy bolar, çünki olar bedende uzak wagtyň dowamynda siňip, ýuwaş-ýuwaşdan adam bedenine energiýa bölüp çykarýar.

  1. Uludan dem alyň we wagtal-wagtal maşk ediň!

Uludan dem almaklyk bedene girýän kislorody köpeldip, beýnä we myşsalara has köp energiýa berýär. Ol siziň ýürek urşuňyzy haýalladyp, gan basyşy peselder we sizi köşeşdirer hem-de işiňizi dowam etmäge itergi berer. Wagtal- wagtal maşk etmeklik hem gan aýlanşygy beýgeldip gerek bolan ýerlere kislorod berýär.

  1. Gözüňize dynç beriň ýa-da otagy ýagtylandyryň!

Eger-de size irkilmeklige ýa-da daşary çykmaklyga mümkinçiligi ýok bolsa, onda her, 1 sagatdan kompýuteriň ekranyndan gözüňizi aýryp dynç beriň. Penjireden daşary garap, ýagtylyga gözüňizi öwrenişdiriň, şonda gözüň ýadawlygy aýrylar. Barlaglara görä, otagy ýagtylandyrmaklygyň ýadawsyzlygy we ukusyzlygy ýok etmäge kömek edýändigi subut edildi.

  1. Gürleşiň!

Gürleşmeklik adam beýnisini has aktiw ýagdaýa getirýändigi sebäpli, adamy hüşgär ýagdaýda saklaýar. Şonuň üçin siz iş ýeriňizde işdeşleriňiz bilen iş ýa-da sizi gyzyklandyrýan zatlar barada gürrüňdeş boluň.

Gülmeklik has kömek edýän bolsa onda, şähdiňi açyp, işden bir az salym ünsüňizi bölüň. Eger-de siziň iş ýeriňiz öýde bolsa, onda aýdym diňläp, aýdymy gaýtalap bile aýdyň. Ýa-da siziň şähdiňizi açýan wideo-rolikleri görüň.

  1. Gündiziň dowamynda dürli zatlar bilen meşgullanyň!

Eger-de siz birnäçe işleri yzygider ýerine ýetirýän bolsaňyz, onda olaryň yzygiderligini üýtgedip duruň. Beýle etmek hem beýniniň işjeňligini has işjeň ýagdaýa getirýär. Ukusyzlygy ýeňip geçmekligiň iň gowy usuly günüň dowamynda edýän işleriňizi dürli-dürli pişeler bilen meşgullanyp geçirmeklikdir.

Şyhmyrat BAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu