Sagdyn durmuşSlider

Ary balyny gyzdyrmak zyýanlymy?

18-09-2022 / 11

Ary baly käbir tagamlara laýyk gelýän tebigy süýjülik bolsa-da, ony ýokary temperaturada gyzdyryp iýmek bedeniňiz üçin zyýanly bolup biler.

Bal ýönekeý şeker we suwdan ybarat bolsa-da, birnäçe peýdaly häsiýetlere eýedir. Onuň düzüminde C, D, E, K we B witaminleri, beta-karotin, minerallar, fermentler we efir ýaglary bardyr. Şeýle-de bu bal dem alyş ýokançlyklaryna garşy göreşmekde täsirli antioksidantlara diýseň baýdyr.

Baly çig görnüşinde iýseňiz saglygyňyz üçin peýdaly bolar. Tersine, ýokary gyzgynlyk täsir edeninde bolsa zyýanly bolup biler. Ine, bal iýeniňizde üns bermeli zatlaryňyz…

Bal käbir ýurtlarda derman hökmünde-de giňden ulanylýar. Bilermenler tarapyndan sebit otlary ýa-da güller bilen öndürilen balyň ary tarapyndan ýygnan poleniň hiline täsir edýändigi aýdylýar. Tebigy bejeriş täsiri balyň çig görnüşinden alynýar we himiki maddalary ýylatmak ýa-da gyzdyrmak arkaly zaýalamak, düzüm böleklerini düýbünden üýtgedip biler. Gyzdyrylan bal bedene erbet täsir edýär.

Baly 40 dereje gyzdyrmak, ajy tagama sebäp bolýan käbir himiki reaksiýalary döredýär. Aýurwedanyň pikirine görä, bal bişirilende dermanlyk häsiýetini ýitirýär. Molekulalar iýmit siňdiriş ýolundaky gyjyndyrmalara ýapyşýarlar we siňdirilmedik iýmit diýilýän toksinleri öndürýär. Dykylmagyna, agramyň ýokarlanmagyna, dem alyş kesellerine, deriniň ýagdaýyna, iýmit siňdiriş problemalaryna we gan şekeriniň deňsizligine sebäp bolup bilýär.

Tebigatyň hödürleýän her bir zady öz usuly bilen bejergisini hem hödürleýär. Mümkin boldugyça şol hödürlenýän zatlary tebigy ýagdaýda iýmeli. Balyň peýdaly bolmagy ýa-da zyýanly bolmazlygy üçin ony gyzdyrmakdan saklanmaly. Bal gün şöhlesinden uzakda salkyn, kölegeli ýerde saklanmalydyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu