«Annals of Internal Medicine» žurnalynyň habar bermegine görä, günde iki käse gara çaý içmek bilen ömrüňizi uzaldyp bilersiňiz.
Ylmy gözlegçiler Milli Saglygy Goraýyş institutynyň britan biobankynyň beren maglumatlaryndan peýdalandylar. Ýagny 40 ýaşdan 69 ýaş aralygyndaky ýarym million erkekleriň we zenanlaryň 85%-i yzygiderli gara çaý içýärdi. Netijede, çaýy yzygiderli içmek ölüm derejesini 9-13% esse azaldýar. Geçirilen birnäçe barlaglara görä, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlaryň çaýy dowamly içip ömrüni uzaldandyklary anyklanyldy. Bu ýagdaý bolsa möhüm öňe gidişligiň alamatlaryndan biri bolup durýardy.
Barlag ozal çaýyň iň köp içilýän sebitleriniň biri bolan Aziýada hem geçirilipdi.
Alymlar häzirki wagta çenli çaýyň uzak ýaşamaga nähili täsir edýändigine-de doly düşündiriş berip bilenoklar. Çünki uzak ýaşamak adam saglygynyň beýleki organizmlerine hem bagly bolup durýar.
«TürkmenGazet».