Üzärlik we onuň peýdasy baradaky maglumatlar özüniň taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýar.
Üzärlik ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri barada ilkinji gezek Zaratuştranyň kitaby Awestada biziň eramyzdan öňki V-VII asyrlarda beýan edilipdir. Şol döwürde ony adamlar rahatlandyryjy, dezodirleýji serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Onuň tüssesi bilen näsag adamlary bejeripdirler. Halk onuň tüssesini adamlary her dürli „erbet güýçlerden we göz degmesinden“ goraýar diýip pikir edipdirler. Şeýdip olar ýokanç kesellerden hem goranypdyrlar.
Abu Ali Ibn Sina „Lukmançylyk ylmynyň kanunlary“ atly kitabynda üzärligi bogunagyrylarynda we oturýer sowuklamasynda peýdalanylýar diýip, belläp geçipdir. Ol öz işlerinde beýleki keselleri hem bejerip bolýandygyny aýdyp geçýär. Dalagyň birnäçe, içege, babasyl kesellerinde üzärligi ulanypdyr. Üzärligiň düzümine girýän gidrohlorid peganin derman serişdesi bolmak bilen antiholinoesterik serişdesi hökmünde ulanylýar. Antiholinesteriki serişdesi oftolmalogiýada gözüň içki basyşyny peseltmek üçin ulanylýar. Ol hem öz gezeginde miopatiýada we miosteniýada peýdalanylýar. Onuň kömegi bilen skelet muskularasynyň ýygrylmagynyň güýji peseldýär.
Garmolin alkaloidi üzärligiň düzümine girmek bilen MNU kesellerini bejermekde peýdalanylýar. Ol epidemiki ensefalitiň gaýraüzülmelerini bejermekde sandyrawukly ysmazda we parkinson keselini bejermekde maslahat berilýär.
Mähri ÖWEZOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk okuw mekdebiniň mugallymy.