Ata-babalarymyz kädiniň köp dertlere derman bolýandygyny ýyllaryň dowamynda geçirip gören synaglary arkaly anyklap, ony irki döwürlerden bäri ýetişdirip gelipdirler. Kädi halk lukmançylygynda dürli dertlere derman hökmünde ulanylypdyr.
Kädiniň düzüminde dürli ýokumlaryň, bedene zerur bolan mikro we makro elementleriň bardygyny lukmanlar belleýärler. Bu önümiň semizligi, ysgynsyzlygy, ýürek-damar, böwrek kesellerini bejermekde uly ähmiýete eýe bolup, ol bedeniň gorag güýjüni artdyryp, berkidýär. Kädiniň şiresi bedeni rahatlandyryp, ukyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de ol peşew, bagryň, ödüň, aşgazan-içege ýollarynyň kesellerine kömek edýär.
Lukman Hekim üsgülewügi, gulak agyryny, beýniniň çişini kädiniň suwy bilen bejermegiň ähmiýetiniň uludygyny maslahat berýär. Kädi adamyň degna ulgamynyň işini gowulandyryp, saglygyny berkidip, keýpini kök edýär. Şonuň üçin halkymyzda «Kädi iýeniň keýpi köp» diýen pähim döräpdir.
Kädiniň diňe bir eti däl, çigidi hem içege gurçuklaryny ýok etmek üçin ulanylýar. Güneşli Watanymyzyň sahawatly topragynda bu önüm bol bitýär.
Oguljan MYRADOWA,
Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.