Sagdyn durmuşSiziň üçin...Slider

Şampunlar hakynda bilmeli zatlarymyz

07-09-2022 / 11

Ýuwmak, guratmak we bezemek prosesi dogry ýerine ýetirilmedik halatynda saçyňyza zeper ýetirýär.

Saçyňyzy her gün ýuwmak we ideg etmek diýseň gowy. Ulanýan şampunyňyz saçyňyzyň galyňlygyna we uzynlygyna görä üýtgeýändir. Saçyňyzy ýuwanyňyzda gyzgyn suwdan gaça durmaly, sebäbi saçyňyzyň düşmegine we zaýalanmagyna sebäp bolýar. Sowuk suw bolsa saçyňyzy janlandyrýar we ýagtylandyrýar.
Şampunlaryň köpüsiniň ýaramlylyk möhleti 2 ýa-da 3 ýyl. Ýaramlylyk möhleti geçen şampun saçyňyza zyýan bermez, ýöne bolmalysy ýaly täsirli bolup bilmez. Häzirki wagtda şampunlarda köp dürli aýratynlyklar bardyr. Şonuň üçin saçyňyza görä, dogry şampuny saýlamagy başaryň!
«Ulanýan şampunymyň ähmiýeti ýok» diýip, pikir edýän bolsaňyz, onda täzeden pikirlenip görüň…

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu