Sagdyn durmuşSlider

Maşklar we nesil terbiýesi

18-08-2022 / 47

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetde wajyp meseleleriň biridir. Beden maşklary ynsan saglygynyň gözbaşy hasaplanýar. Maşklar sazlaşykly ýerine ýetirilende adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligi artdyrýar.

Irki döwürlerde adamlar dürli-dürli hereketleriň üsti bilen kämilleşip, maşk etmek endigine uýgunlaşypdyrlar. Aradan wagtyň geçmegi bilen beden maşklary bilen meşgullanyp ugrapdyrlar. Maşklaryň peýdasy barada Orta Aziýaly tebip Abu Aly ibn Sina «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip, belläp geçipdir. Wagtyň geçmegi bilen döwürlere görä kämilleşip, dürli görnüşli maşklar ýüze çykypdyr. 

Adamlar ylgamak, bökmek, towusmak ýaly çalasyn hereketleriň bedeniňi berkidýändigine, ömür dowamlylygyna daýanç bolýandygyna, dem alyş ýollarynyň sazlaşygyny ýeňilleşdirmek üçin peýdalydygyna göz ýetiripdirler. Şonluk bilenem bedenterbiýe maşklary kämilleşipdir.

Aslymyza ser salanymyzda, pederlerimiz özleriniň çagalaryny sagdyn ruhly terbiýelemek üçin zähmet endiklerine uýgunlaşdyrypdyrlar. Geçmişimizde ýörgünli bolan milli oýunlar — ýaglyga towusmak, tanap çekmek, göreş tutmak, at münmek, hiňňilik uçmak, monjugatdy we başga oýunlar däp-dessurymyza ornaşypdyr. Medeni gymmatlyklarymyz bolan bu oýunlar aň-hereket taýdan kämilleşipdir. Şonuň üçinem aradan niçeme wagt geçenem bolsa ähmiýetini ýitirmän biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Beden maşklarynyň, hereket işjeňliginiň sagdyn durmuş ýörelgesiniň  esasyny düzýändigi tekrarlanýar. Çeýelik, çydamlylyk bedeniň güýçli bolmagy üçin zerurlykdyr. Çagalaryň hepdäniň dowamynda beden hereketlerini ýerine ýetirmekleri ýaşlykdan süňk ulgamynyň berkemegine ýardam edýär. Dogry ýerine ýetirilen maşklar diňe bir bedene syrdamlyk bermän, eýsem işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär, bedendäki agyryny aýyryp, dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanşygy sazlaşdyrýar.

Ynsan balasy tebigaty boýunça ýaşaýyşa ukyply güýç bilen dogulýar. Şonuň üçinem bütin ömrüň dowamynda adam synasynyň berkligi üçin edýän hereketleri şol güýje ýeterlik täsirini ýetirýär. Şeýdibem adam sagdyn hem gurbatly bolýar.

Täze dünýä inen çaganyň hem her aýda özüne görä täsin hereketleri bolýar. Ol gözi bilen görüp, gulagy bilen eşidýär, köp zady kabul edýär. Oýnawaçlary oýnap başlan wagtlary ýiti reňkleri saýlap bilýär. Bäbejigiň öz gurbuna görä hereket etmegine ýardam etmeli. Mysal üçin çaganyň barmajyklaryny açyp-ýumup, eljagazlaryny ýokary galdyryp, oýnatmak hem ýönekeý usulydyr. Şeýle edilende çaganyň bedeni berkäp, güýçlenýär, ol gören zadyny gaýtalamaga ukyply bolýar. Hereket endikleriniň artmagy bilen çaganyň beden taýdan güýçli bolmagyna talaby artýar.

Gözel AMANSÄHEDOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu