Sagdyn durmuşSlider

Çalt pikirlenerin diýseňiz…

30-07-2022 / 12

Ýatkeşlik beýnimiziň ýerine ýetirýän wezipeleriniň biridir. Onuň kömegi bilen başdan geçirilýän duýgular baradaky habarlar adamyň beýnisinde toplanyp, belli bir wagta çenli (ýatkeşligiň güýçli ýa pesligine laýyklykda) saklanýar.

Adamyň ýatkeşliginiň möçberi uly bolýar. Ol milliarddan gowrak belgileri özünde saklap bilýär. Ýaşaýşyň dowamynda beýniniň işiniň netijeliligine päsgel berýän zatlar bolýar. Şonuň üçin hem ýatkeşligiňiziň gowy bolmagyny isleseňiz balyk iýmek maslahat berilýär. Ol dürli ýagly kislotalara baý bolup, beýniniň öýjüklerini berkidýär, onuň işjeňligine ýardam edýär. Şeýle hem lukmanlar düzüminde B witaminli iýmitleri iýmegi maslahat berýärler. Olara bolsa bagyr, towuk eti, ýumurtga, bolgar burçy, gatyk, şüle, mekgejöwen, greçka, tüwi, semeni degişlidir. Ýatkeşligiňi berkitmekde banan hem örän peýdalydyr. Ol diňe ýatkeşligiňi berkitmän, eýsem şähdiňi hem açýar. Adamyň çalt pikirlenmek duýgusyny ösdürýän kaliý, magniý, fosfor duzlaryna we glýukoza baýdyr. Bedende demir ýetmezçilik eden ýagdaýynda ünsüňi bir ýere jemläp, ähli zady ýatda saklamak beýnä kyn düşýär. Şonuň üçin gündelik iýmitimizde demre baý bolan iýmitleri, ýagny greçka, bagyr, kelem, gawun, alma, noýba, ysmanak, erik we ülje kişdelerini, hoz iýmeli.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu