Buzly suw, esasanam, agyr işden soň ýa-da yssy howada ýola düşeniňizde içmek üçin has gowy ýaly bolup görünýär. Ýöne bu endik bedene ep-esli zyýan ýetirip biler. Onuň zyýanlary baradaky maglumatlary degişli internet çeşmesine salgylanyp, dykgatyňyza ýetirýäris.
Adamyň bedeniniň temperaturasy 36,5 – 37.5 ° C. Bu temperaturany birnäçe dereje ýokarlandyrsaňyz, bedende dürli näsazlyklar ýüze çykar. Buzly suw beden ulgamyndaky umumy temperatura ters bolup, ol yzygiderli ýagdaýda içilende ýürege we iýmit siňdiriş ulgamyna ýaramaz täsir edýändigi hünärmenler hem belleýär.
Sowuk suw saglygymyza ýaramaz täsir edýär. Tomus aýlarynda ýygy-ýygydan goýberilýän bu ýalňyşlyklar dürli-dürli keselleriň döremegine sebäp bolup biler. Buzly suw içmek ýürek urmasyny peseldýär. Geçirilen barlaglarda buz suwuny içmegiň wagus nerwini herekete getirýändigini hem anyklanylypdyr. Duýgudaş ýa-da ýürek-nerw diýlip atlandyrylýan wagus nerw, bedeniň islegsiz hereketlerine gözegçilik edýän özbaşdak nerw ulgamynyň möhüm bölegidir. Wagus nerw ýürek urşunyň peselmegine araçylyk edýär we sowuk suw ýürek urşunyň peselmegine sebäp bolýan nerw üçin «stimul» bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin suwy adaty temperaturada içmek maslahat berilýär.
Sowuk suw içmek, iýmit siňdiriş prosesini haýalladýar we iýmitiň dogry siňmezligine sebäp bolýar. Bu ýagdaýda ýokumly maddalar beden tarapyndan sagdyn görnüşde sorulmaýar. Naharlanyp otyrkaňyz buzly suw içmek iýmit siňdiriş ulgamyňyza ýaramaz täsir edip biler. Sowuk suw damarlary daraltmak häsiýetine hem eýedir. Köplenç ýagdaýlarda siňdiriş ýa-da iç gatamagy ýaly iýmit siňdiriş näsazlyklary ýüze çykýar.
Buzly sowuk içgini içeniňizden soň birden kelle agyry duýmak adaty bir zat bolsa gerek. Bu gysga wagtlyk agyrylar gaty sowuk içgileri we iýmitleri iýmekden döreýär. Muňa beýniniň doňmagy hem diýilýär. Näme bolsa-da, beden ortaça temperaturany saklamaga synanyşýar. Gaty sowuk suw içeniňizde, bedeniňiziň gyzgynlygy peselýär. Beden ony gaýtadan dikeltmek üçin işläp başlaýar. Bu möhüm işi ýerine ýetirmek üçin energiýany jemleýär. Iýmit siňdiriş, immunitet ýa-da erkin radikallara garşy göreşmek üçin sarp ediljek energiýa, bedeniň gyzgynlygyny dikeltmek üçin gönükdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde energiýa derejesiniň peselmegine sebäp bolýar.
Sport bilen meşgullananyňyzda ýa-da fiziki güýjüňizden soň derrew buzly sowuk içgini içseňiz metabolizm çaltlaşýar we bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Organizm muny hüjüm hökmünde duýýar. Bu ýagdaý bolsa aşgazan agyrysynyň ýa-da iýmit siňdiriş meseleleriniň döremegine ýol açyp biler.
Gaty sowuk içgileri içmek bokurdak agyrysyna sebäp bolup bilýär. Buzly suw bedeni sowadýar, beden gyzmak üçin has köp mukdarda energiýa öndürýär. Netijede, burnuň akmagy başlaýar. Şeýle-de, gulak, burun, bokurdak kesellerine has köp sezewar bolmak mümkin. Çünki mukusyň ýygnanmagy bakteriýalaryň gaçybatalgasydyr.
Käbir adamlarda gaty sowuk içgi içmek hem agyrylara sebäp bolup biler. Bu esasanam rewmatiki näsaglar üçin has dogrydyr. Şonuň üçin bogun agyry bolsa, gaty sowuk içgilerden gaça durmak peýdalydyr.
Buzly suw içmegiň diňe wagtlaýyn bir ýeňillik döredip, ony yzygiderli içmegiň beden saglygyňyza ýaramaz täsir edýändigini ýadyňyzdan çykarmaň!
«TürkmenGazet».